Sanly ulgam arkaly iş maslahaty

14 Maý 2024
336

13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ideg etmekde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatyň bugdaý meýdanlarynda-da degişli ideg işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine taýýarlyk işleri guramaçylykly dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, tohumlyk bugdaý hasylyny ýygnap almak, daşamak hem-de talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri, ýetişdirilen pile hasylyny ýygnamak we döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler geçirilýär.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar