Halkara sergide azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalary

15 Maý 2024
488

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalary işjeň ösdürilýär, bu ugur boýunça iň kämil, täze, döwrebap serişdeler giňden ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň azyk önümçiligine degişli pudagyň ornunyň berkidilmegi amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ynha, şu gün – 15-nji maýda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» halkara sergisi öz işine başlady. Bu halkara sergisi azyk önümçiligi babatda öňdebaryjy dünýä tejribesiniň öwrenilmeginde hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde ýakyndan ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan azyk bolçulygyny döretmäge işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde dünýäde giňden ykrar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda şeýle belleýär: «Döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolan azyk howpsuzlygy bilen bagly wezipeleri durmuşa geçirmekde gazanylan netijeleri giňden açyp görkezýän bu sergi ilaty azyk önümleri bilen durnukly üpjün etmekde, içerki bazarda şol harytlaryň bolçulygyny hem­de howpsuzlygyny yzygiderli pugtalandyrmakda biziň ýurdumyzda berk ykdysady binýadyň döredilýändigine şaýatlyk edýär. Onuň azyk önümçiliginiň öňdebaryjy tehnologiýalaryny alyşmaga, bu ugurda maksatnamalaýyn taslamalara maýa goýumlary çekmäge, onuň ygtybarly ulgamyny döretmegiň usullaryny işläp düzmäge we amala aşyrmaga gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn». Ýurdumyzyň azyk önümçiliginiň hil taýdan täze derejä çykarylmagy halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň esasy maksatlarynyň biridir.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar