"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Beýik ösüşleriň aýdyň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz berk binýatly, senagat taýdan ösen, kuwwatly döwlete öwrülýär. Häzirki taryhy döwrümizi şöhratlandyrýan beýik işler «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymata eýerilip amala aşyrylýar. Ajaýyp döwrümiziň ruhlandyryjy güýji, belent maksatlary halk bähbitli işlerde aýdyň beýanyny tapýar. Şonuň üçin hem asylly maksatlar rowaçlanýar, ýurdumyzyň röwşen geljegi üpjün edilýär. Biz bu buýsançly hakykaty ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän desgalarda, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalarda aýdyň görýäris. Mary welaýatynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň, şeýle hem Lebap sement zawodynyň açylyp ulanmaga berilmegi we beýleki taryhy wakalar ýurdumyzyň gurluşyk we binagärliginiň, önümçilik senagatynyň barha rowaçlanýandygyny aýdyň beýan edýär. Il-ýurt bähbitli dünýä nusgalyk şeýle ösüşler, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda durmuşa geçirilýän halk bähbitli işler biziň her birimiziň buýsanjymyzy goşalandyrýar, göwünleri galkyndyrýar. Baky bagtyýarlygyň goýnunda döwran sürýän agzybir, zähmetsöýer ulus-ilimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir günümizi zähmet üstünliklerine besl

Halkymyzyň medeni baýlygy

Hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi ylmy esasda öwrenmäge we wagyz etmäge döredýän giň mümkinçilikleri oňyn netijelerini berýär, Watana bolan söýgimizi has-da artdyrýar. Gojaman taryh ak bugdaýyň mekanynyň Türkmenistandygyny subut edýär. Biziň gadymy ata-babalarymyz ak ekini medeniýetleşdirip, ýaşaýşyň zerur şertini we ygtybarly esasyny — çöregi döredipdirler. Gadymy taryhyň gatlaryny agtarsak, türkmen halkynyň ajaýyp halysy, alabaý iti, saryja goýny, behişdi bedewi hem-de özboluşly medeniýeti bilen meşhur bolandygyna göz ýetirýäris. Mysal üçin, türkmen halysyna gözüň düşenden kalbyň nurlanýar. Onuň her çitiminde türkmen durmuşynyň beýany ýazylandyr. Halyda türkmeniň pähim-paýhasy aň bilen, gözelligi duýgular çogdumy bilen, nepisligi ussatlyk bilen, hili berklik bilen örän sazlaşýandyr. Saryja goýnuň ýüňünden egrilip, tebigy reňkler bilen baýlaşdyrylan bu sungat türkmeni tutuş jahana tanadýandyr.

Gymmatly gollanma

Ösüşlere beslenýän taryhy zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabyndan ruhlanýarys. Bu ajaýyp kitap paýhasa, çeper söze, umuman, kitap diýen hazyna asyrlarboýy gadyr goýup gelýän halkymyz üçin uly serpaýdyr, peşgeşdir. Hormatly Prezidentimiziň şöhratly taryhymyza bagyşlap ýazan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaby her bir türkmenistanlyny begendiren, buýsandyran, bu günki gün her birimiziň ýankitabymyza öwrülen eser boldy. Hormatly Prezidentimiz «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda şeýle belleýär: «Biziň halkymyz beýik sungaty, nusgawy ýörelgeleri we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Biz medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak, şeýle-de, taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny abat saklamak, öwrenmek, taryhy we medeni ýadygärliklerimizi dikeltmek boýunça işleri mundan beýläk hem dowam etdireris». Şu parasatly sözlerden hem görnüşi ýaly, müňýyllyklaryň dowamynda beýik medeniýeti döreden halkymyz, elbetde, dünýäniň, umumadamzadyň ösüşine asyrlaryň dowamynda iň önjeýli goşant goşan halklaryň biri hökmünde uly şan-şöhrata eýe bolupdyr.

Şöhratly taryhymyza sarpa

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyzyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Türkmen taryhynyň şan-şöhratynyň dabaralanýan ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew—müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny halkymyza sowgat bermegi taryhymyza bolan buýsanjy goşalandyrdy, göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň şöhratly taryhy ylmy esasda öwrenilýär, alymlar tarapyndan bu ugurda degişli işler alnyp barylýar.

Eziz Watan — köňülleriň buýsanjy

Ata-baba ýörelgelerinden gözbaş alýan mukaddesligimiz uly söýginiň başlangyjy bolan Watan söýgüsidir. Bu keramatly söz her bir ynsanyň kalbyny ganatlandyrýar. Çünki Watany söýmekde, oňa bolan päk duýgyň bilen ýaşaýan ömrüň özünde soňlanmajak güýç-kuwwat bar. Bu barlyk ýüreklerimiziň şatlygy, ykballaryň manysy. Watany söýmek, ony gözüň göreji ýaly goramak, onuň beýik ösüşine öz goşandyňy goşmak uly bagtdyr. Watan sözi mukaddes, şonuň ýaly-da, onuň manysy örän giň. Watan söýgüsi uly söýginiň başlangyjydyr. Aslynda, adamyň bütin ýaşaýşy Watan bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ata-babalarymyz Watan mukaddesligine bolan ygrarlylygy bize miras galdyrypdyrlar. Bu miras biziň her birimiz üçin mukaddesligiň beýik mekdebidir. «Ata Watan aman bolsa, reňki-roýuň saman bolmaz» diýen atalar sözi watansöýüjilik duýgusyna bolan çäksiz uly hormatyň subutnamasydyr. Watana bolan söýgi mukaddes ojagyňdan başlanýar. Bu ojakda saňa berlen ata-ene söýgüsi hem şu mukaddeslikler bilen utgaşýar. Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda şeýle belleýär: «Halkymyz ýaş nesillerini toprak, ene, öý-ojak, saçak... ýaly mukaddeslikleri hakyndaky düşünjeler bilen kemala getirýär. Topraga, ene-ata, öý-ojagyna wepaly perzent Watanyna hem wepalydyr diýen ynam bilen ýaşaýar». Hut şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, öý-ojak, ata-ene söýgüsi, Watan mukaddesligi uly bitewüligi düzýär. Ynsan şu bit

Watançylygyň we borja wepalylygyň belent nusgasy

Merdana halkymyz Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşe mynasyp goşant goşdy. Urşuň ilkinji aýlarynda ýurdumyzyň harby wekilliklerine urşa meýletin gitmäge isleg bildiren adamlaryň 25 müňden gowragyndan arza gelip gowşupdyr. 1418 gün dowam eden Beýik Watançylyk urşunyň ýüreklere salan yzasyny çekmedik türkmen öýi, maşgalasy ýokdur. Arzyly Ýeňiş ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde ildeşlerimiziň müňlerçesi wepat boldy. Olar öz belent milli ruhy, ýanbermez erki, mertligi we gaýduwsyzlygy bilen mähriban Watanymyzy goradylar, geljekki nesilleriň bagty üçin ölmez-ýitmezlige eýe boldular. Nesilleriň ata-babalarymyzyň gahrymançylygyna beýik hormaty hökmünde söweş meýdanlarynda şehit bolan ildeşlerimiziň ady «Hatyra» kitabyna, öz dogduk mekanyna sag-aman dolanyp gelenleriň ady bolsa «Şöhrat» kitabyna girizildi. Söweş meýdanlarynda görkezen mertligi üçin türkmenistanlylaryň ýüzlerçesi Gahryman boldy. Olaryň ilkinjisi 1941-nji ýylyň noýabrynda Gahrymanlyk derejesi berlen Gurban Durdydyr. Annagylyç Ataýew, Aýdogdy Tahyrow, Berdimyrat Döwletjanow, Oraz Annaýew, Tagan Baýramdurdyýew, Pena Rejebow we beýlekiler gazaply söweşde gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezdiler.

Milli ýörelgeler rowaçlanýar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ähli pudaklar bilen bir hatarda, milli bilim ulgamynda hem uly özgertmeler amala aşyrylýar. Ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda ýaşlara uly ynam bildirilýär. Bu beýik ynamy ödemek üçin ýaş nesil yhlasly okaýar, zähmet çekýär. Ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda okuw we tejribe işlerine täze, döwrebap usullar ornaşdyrylyp, dünýä tejribesinden netijeli peýdalanylýar. Bilşimiz ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Bu gymmatly kitaby okadygyňça, onuň many-mazmuny okyjyny özüne çekýär, türkmen halkynyň diňe bir sebitde däl-de, eýsem, dünýä medeniýetindäki ornuny açyp görkezýär.

Geçmişiň hem-de geljegiň sazlaşygy

Häzirki wagtda ýurdumyzda bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Okatmagyň täze usullaryny ornaşdyrmak, olardan netijeli peýdalanmak, ýaşlaryň saýlap alan hünärlerine höweslerini artdyrmak, olaryň kärine kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen, ýokary okuw mekdeplerinde kafedralaryň hepdeliklerini geçirmek boýunça işler ýola goýuldy. Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetimizde hem taryh fakultetiniň Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň «Taryh geçmişiň hem geljegiň aýnasydyr» atly hepdeligi guramaçylykly geçirildi. Hepdelige taýýarlyk işleri okuw ýylynyň başyndan ýaýbaňlandyryldy. Hepdeligiň çäklerinde geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreler kesgitlenilip, onuň meýilnamasy taýýarlanyldy.

Bilimli nesil — röwşen geljegimiz

Häzirki ajaýyp döwrümizde däp-dessurlary öwrenmek we jemgyýetiň belent ýörelgelerine eýermek, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk hem-de asyrlaryň dowamynda emele gelen milli gymmatlyklar esasynda terbiýelemek asylly maksatlara öwrüldi. Pähimdar pederlerimiziň wesýetlerinden hem-de göreldelerinden kemala gelen milli ýörelgeler ýaş nesilleri terbiýelemekde gymmatly hazynadyr. Şonuň üçin hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli gymmatlyklarymyz, nusgawy edebiýatymyz wagyz edilýär, dünýä ýaýylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlaryň terbiýesine, ylym-bilimine aýratyn üns berilýär. Ýaşlara döwrebap terbiýe, bilim bermek üçin, ilki bilen, olaryň milli buýsanjyny, ata Watana bolan söýgüsini has-da berkitmeli. Watançylyk terbiýesi iňňän mukaddes we jogapkärli işdir. Şonuň üçin hem nesil terbiýesi watançylyk we milli gymmatlyklaryň esasynda alnyp barylýar. Munuň özi ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenýändigini, ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgelere ygrarly nesliň kemala gelýändigini aňladýar.

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Sapaklarda sanly mümkinçiliklerden peýdalanmak Häzirki döwürde iş orunlaryna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň dürli görnüşleriniň giňden ornaşdyrylmagy hereketi tizleşdirýär. Döwrebap derejede tehnologiýalar bilen üpjün edilen umumybilim berýän orta mekdeplerde okuwçylara sanly serişdeleri, tehnologiýalary dogry we doly öwretmek gerek. Bularyň üsti bilen çagalar daşary ýurt dillerini öwrenmäge hem doly mümkinçilik alýarlar.

Sözlerden göwher ýasan zergär

Magtymgulynyň şygyr setirlerini synlasaň, onuň durmuşy, pelsepewi garaýyşlary, döwri bilen tanyşmak mümkinçiligi, geljege bolan nazaryýeti giňden açylýar. Onuň tematiki aňlatmaly, baý mazmunly şygyrlaryny diliň dürli görnüşli çeperçilik serişdelerini ýerlikli ulanmagy okyjyny biygtyýar özüne çekýär. Ylahy ylhamyň eýesi bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde diňe edebiýaty söýüjilere däl, islendik teşne okyjylara öwrenere, gyzyklanara zat kän. Onuň şygyrlarynda goşgy düzüliş görnüşleriniň aglabasyna ýüzlenendigini görmek bolýar. Şahyr «Äleme belgilidir», «Meňli ýarymdan», «Köňül» goşgularyny gazal (aa, ba, wa), «Bendi boldum» şygryny ikileme (mesnewi: aa, bb, ww) formasynda ýazypdyr. Dörtleme (murapbag) formasynda ýazan «Türkmeniň», «Bu derdi» ýaly goşgularynyň başky bentleri «abab» görnüşde başaşa, soňkulary bolsa «çççb», «dddb» tertipde sazlaşyp, döredijiliginiň esasy bölegini eýeleýär.

Akyldar şahyryň edebi mirasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden baýram edilýär. Bu ajaýyp sene mynasybetli ata Watanymyzda we daşary ýurtlarda giňden ýaýbaňlandyrylan baý many-mazmunly dürli çäreler beýik söz ussadymyzyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren baý edebi mirasyny öwrenmekde hem-de giňden wagyz etmekde örän terbiýeçilik ähmiýetli bolup durýar. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işlerde ýaş nesliň watansöýüjiligi, geljegi şöhlelenýär. Biz ýaş nesle watançylyk ruhunda bilim-terbiýe bermekde we olaryň geljekde hünärli adamlar bolup ýetişmeginde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna giňden salgylanyp, döredijiligine ýygy-ýygydan ýüzlenýäris. Akyldar şahyryň nakyllardyr pähime öwrülen goşgy setirlerini dile getirip, onuň many goýazylygyny ýaş nesliň aňyna guýýarys. Munuň üçin mugallymlar geçilýän her bir sapagyň terbiýeçilik ähmiýetine uly üns berip, dürli usullaryň, tehniki serişdeleriň, okuw-görkezme esbaplaryň kömegi bilen sapagyň gyzykly hem täsirli guralmagyny gazanmaga yhlas siňdirýärler. Sapagyň öňde goýan maksatlaryna ýetmäge çalşylýar. Bu bolsa erjelligi, ussatlygy talap edýär.

Alymyň halypalyk mekdebi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň täsin tebigatynyň köpöwüşginliligini we gözelligini gorap saklamak, ony geljekki nesillere tebigy durkunda we has baýlaşdyryp, miras goýmak barada uly tagallalar edilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ekologiýa meselelerine uly üns berilýär. Şol ugurda birnäçe işleri alyp baran kinologiýa ylmyndan hem uly işleri bitiren Türkmenistanyň bilimde at gazanan işgäri, belli alym, mugallymlaryň, hünärmenleriň, talyp ýaşlaryň hormatly halypasy, bütin manyly ömrüni mukaddes ata Watana, ylym-bilime bagyş eden zoolog-ornitolog, kinolog we ekolog, alym Öwez Sopyýewdir. Alym mugallym Öwez Sopyýewiň ylmy işleriniň netijeleri ýörite monografiýalarda, ylmy maglumatnamalarda, dissertasiýa işlerinde, ensiklopediýalarda, okuw kitaplarynda, şeýle hem tebigaty goramak boýunça başlangyçlary teleýaýlymlarda taýýarlanylýan gepleşiklerde, kitaplarda giňden ulanylýar. Alym mugallymyň maslahaty bilen Türkmenistanyň tebigaty we haýwanat dünýäsi hakynda gürrüň berýän gysga söhbetli kinofilmler döredilendir. Onuň ylmy ýolbaşçylygynda hünärmenleriň ençemesi kandidatlyk dissertasiýasyny goradylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Milli kinologiýamyzyň ösüşinde uly işleri durmuşa geçiren belli alym, ornitolog Öwez Sopyýewiň we ýurdumyzyň tebigatyny goramakda

Sport — sagdynlygyň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan parahatçylygyň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň dabaralanýan ýurduna öwrüldi. Türkmenistan häzirki wagtda dünýäde halkara derejesinde geçirilýän çempionatlaryň, sport ýaryşlarynyň ýurdy hökmünde şöhratlanýar. Merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşadan arzuw-umytlary, erk-islegleri nesil dowamatynda sagdyn durmuşda, sagdyn jemgyýetde amala aşdy. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz raýatlarymyzyň saglygyny goramak, jemgyýetimize adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak işine uly ähmiýet berip, ony döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi. Ruhy sagdynlyk we beden saglygy aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmeniň gadymdan dowam edýän milli däp-dessurlary, edim-gylymlary hem şu ýörelgeden gözbaş alýar. Sport — ruhubelentlik, sport — sagdynlyk, sport — dünýä halklaryny ýakynlaşdyrýan we dostlaşdyrýan, dünýäde parahatçylygy pugtalandyrýan jemgyýetiň sagdyn ruhy ýörelgesidir. Halkymyz bu gün sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýdyň ýolundan bagtyýar geljege tarap ynamly gadamlar bilen öňe barýar.

Halk bähbitli beýik işler

3-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, şeýle hem beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Abadan durmuş üpjün edilýär

2-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle-de Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzyň durnukly ösüşini, kanunylygy, hukuk tertibini üpjün etmek, döwletimiziň goranyş ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak ýaly ugurlar yzygiderli ösdürilýär. Bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ulgam üstünlikli ösdürilýär. Sanly ykdysadyýetiň durmuşa ornaşdyrylmagy hyzmatlaryň raýatlar üçin has elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň, maddy enjamlaýyn binýadynyň berkidilmeginiň ýaşlaryň bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydygyny hiç wagt ýatdan çykarmaly däldiris. Çünki iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ak mekdeplerde ýaş nesiller bilim öwrenýärler, kämillik ýoluny geçýärler» diýip nygtaýşy ýaly, ähli ösüşleriň pugta binýadyny düzýän ylym-bilim ulgamynyň işi döwrüň talabyna görä, dünýä ülňülerine laýyk derejede yzygiderli kämilleşdirilýär. Eziz Diýarymyzda ykjam we internet aragatnaşyk ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilip, sanly ulgama düşünýän ýaşlar kemala gelýär.

Ykdysadyýetiň esasy ugry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe röwşen geljegi nazarlaýan türkmen halkymyz eşretli durmuşda ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça beýik işler durmuşa geçirilýär. Bu günki gün «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň nebit-gaz senagaty pudagyndaky gazanylýan üstünlikler hem guwandyryjy netijelere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda oýlanyşykly alnyp barylýan ykdysady syýasatda ýangyç-energetika pudagy esasy orunlaryň birini eýeleýär. Çünki nebit-gaz pudagy milli ykdysadyýetiň daýanjy bolmak bilen birlikde, ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklarynda-da ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmagynda galýar.

Ýagty geljegi nazarlaýan ösüşler

Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda amala aşyrylan düýpli özgertmeleriň netijesinde Türkmenistan ähli ulgamlarda sazlaşykly ösýän ýurda öwrüldi. Şol özgertmeleri has-da rowaçlandyrýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bäsdeşlige ukyply we eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiligini artdyrmaga, bu ugurda işleri we hyzmatlary ýola goýmagy dowam etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda kuwwatly senagat kärhanalarynyň, döwrebap ýol-ulag düzümleriniň döredilmegi milli ykdysadyýetiň galkynmagyny şertlendirýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň çar ýanynda tebigy baýlyklary, uglewodorod serişdelerini, magdanlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagat kärhanalary gurlup ulanylmaga berildi. Munuň özi importuň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleriň öndürilişiniň artmagyna ýardam edýär. Şeýle hem innowasion önümçilik kärhanalarynyň ulanyşa girizilmeginiň depgini ýylsaýyn artýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna önüm öndürmäge niýetlenen Lebap sement zawodynyň 2-nji tapgyry işe girizildi. Bu döwrebap desga ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli taslamalary möhüm gurluşyk serişdesi bilen üpjün etmäge uly goşant goşar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil

Rowaçlygyň aýdyň ýoly

Türkmen halkymyzda ýol çekmek, köpri gurmak, bina galdyrmak ýaly işler sogaply hasaplanylýar. Gadymyýetde halklary we medeniýetleri biri-birine ýakynlaşdyran Beýik Ýüpek ýoly türkmen topragynyň üstünden geçipdir. Türkmen halkymyzyň gadymy şan-şöhraty bagtyýar zamanamyzda täze röwüşde, döwrebap işler bilen dabaralanýar. Parahatçylygyň, dost-doganlygyň merkezi hökmünde Türkmenistan dünýäniň ýüregine hoşniýetlilik ýollaryny çekýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek arkaly berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam edýändigi ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolýandygynyň, beýik işleriň rowaçlanýandygynyň güwäsine öwrülýär.