Gymmatly gollanma

7 Maý 2024
358

Ösüşlere beslenýän taryhy zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabyndan ruhlanýarys. Bu ajaýyp kitap paýhasa, çeper söze, umuman, kitap diýen hazyna asyrlarboýy gadyr goýup gelýän halkymyz üçin uly serpaýdyr, peşgeşdir.

Hormatly Prezidentimiziň şöhratly taryhymyza bagyşlap ýazan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaby her bir türkmenistanlyny begendiren, buýsandyran, bu günki gün her birimiziň ýankitabymyza öwrülen eser boldy. Hormatly Prezidentimiz «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda şeýle belleýär: «Biziň halkymyz beýik sungaty, nusgawy ýörelgeleri we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Biz medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak, şeýle-de, taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny abat saklamak, öwrenmek, taryhy we medeni ýadygärliklerimizi dikeltmek boýunça işleri mundan beýläk hem dowam etdireris». Şu parasatly sözlerden hem görnüşi ýaly, müňýyllyklaryň dowamynda beýik medeniýeti döreden halkymyz, elbetde, dünýäniň, umumadamzadyň ösüşine asyrlaryň dowamynda iň önjeýli goşant goşan halklaryň biri hökmünde uly şan-şöhrata eýe bolupdyr.

Gylyç KLIÇOW,
Aşgabat şäherindäki 91-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar