Akyldar şahyryň edebi mirasy

7 Maý 2024
538

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden baýram edilýär. Bu ajaýyp sene mynasybetli ata Watanymyzda we daşary ýurtlarda giňden ýaýbaňlandyrylan baý many-mazmunly dürli çäreler beýik söz ussadymyzyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren baý edebi mirasyny öwrenmekde hem-de giňden wagyz etmekde örän terbiýeçilik ähmiýetli bolup durýar.

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işlerde ýaş nesliň watansöýüjiligi, geljegi şöhlelenýär. Biz ýaş nesle watançylyk ruhunda bilim-terbiýe bermekde we olaryň geljekde hünärli adamlar bolup ýetişmeginde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna giňden salgylanyp, döredijiligine ýygy-ýygydan ýüzlenýäris. Akyldar şahyryň nakyllardyr pähime öwrülen goşgy setirlerini dile getirip, onuň many goýazylygyny ýaş nesliň aňyna guýýarys. Munuň üçin mugallymlar geçilýän her bir sapagyň terbiýeçilik ähmiýetine uly üns berip, dürli usullaryň, tehniki serişdeleriň, okuw-görkezme esbaplaryň kömegi bilen sapagyň gyzykly hem täsirli guralmagyny gazanmaga yhlas siňdirýärler. Sapagyň öňde goýan maksatlaryna ýetmäge çalşylýar. Bu bolsa erjelligi, ussatlygy talap edýär.

Akgül MUHAMMETGULYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.
Beýleki habarlar