Milli ýörelgeler rowaçlanýar

7 Maý 2024
719

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ähli pudaklar bilen bir hatarda, milli bilim ulgamynda hem uly özgertmeler amala aşyrylýar. Ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda ýaşlara uly ynam bildirilýär. Bu beýik ynamy ödemek üçin ýaş nesil yhlasly okaýar, zähmet çekýär. Ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda okuw we tejribe işlerine täze, döwrebap usullar ornaşdyrylyp, dünýä tejribesinden netijeli peýdalanylýar.

Bilşimiz ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Bu gymmatly kitaby okadygyňça, onuň many-mazmuny okyjyny özüne çekýär, türkmen halkynyň diňe bir sebitde däl-de, eýsem, dünýä medeniýetindäki ornuny açyp görkezýär.

Ilmyrat GURBANGELDIÝEW,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar