Döwletliligiň mukaddes nyşanlary

14 Maý 2024
407

Kanunlar döwletiň we jemgyýetiň abadançylygynyň binýadynda durýan iň uly gymmatlyklardyr. Hut şoňa görä-de, adamzat taryhynda ilkinji döwletleriň dörän döwründen häzirki döwre çenli kanunlar yzygiderli kämilleşdirilip gelinýär. Döwletde iň ýokary hukuk güýje eýe bolýan kanunlar Konstitusiýada jemlenýär. Ol döwletliligiň esasy nyşany, döwletiň taryhy taýdan döremeginiň, hukuk esasynda guralmagynyň we bir bitewi ulgam hökmünde hereket etmeginiň, jemgyýetiň ähli gatlaklaryny jebisleşdirmegiň beýanydyr. Türkmenistanyň Konstitusion gurluşynyň esaslaryna laýyklykda, ýurdumyz demokratik, hukuk we dünýewi döwletdir.

Esasy Kanunymyz 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi. Dünýä tejribesine we döwrüň zerurlyklaryna laýyklykda, dürli ýyllarda Konstitusiýamyza üýtgetmeleriň girizilmegi milli kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilýändigine şaýatlyk edýär. Konstitusiýamyzda berkidilen adalatlylyk, deňhukuklylyk, adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny sarpalaýan ýörelgeler raýat jemgyýetiniň dabaralanmagyna giň şertleri döredýär. Esasy Kanunymyzda döwletiň hem-de jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde adamyň ykrar edilmegi ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine laýyk gelýän ajaýyp hakykatdyr.

Gülnawat HOJAKOWA,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar