Bagtyýar çagalygyň mekany

2 Iýun 2024
359

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sagdynlygyň we ruhubelentligiň, bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalaryň ählisi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Magtymguly etrabynda «Arkadagly nesiller» döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralaryň geçirilmegi hem aýratyn many-mazmuna eýedir. Munuň özi häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesle uly üns berilýändigini aýdyň beýan edýär.

Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň röwşen geljegi bolan çagalaryň ýaşaýşyny, durmuş taýdan goraglylygyny, ruhy taýdan sagdyn ösüşini, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, döwrebap bilim almagyny, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegini üpjün etmegi we çagalaryň hukuklaryny goramakda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi, berk bedenli, arassa ahlakly, kesp-hünärli nesilleri kemala getirmegi döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerine öwürdi. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösen döwlete öwürmek, döwletimiziň her bir ýaşaýjysynyň bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmek, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş neslimiz hakyndaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu asylly ýörelgeler häzirki ajaýyp döwrümizde täze ösüşe eýe boldy.

Bäşim ANNAGURBANOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar