Kalba ylham berýän eser

28 Maý 2024
512

Häzirki ajaýyp döwrümizde milli medeniýetimiz we nusgawy edebiýatymyz dünýä ýaýylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň eserleri ylmy esasda öwrenilýär, dünýäde giňden wagyz edilýär. Ýakynda akyldar şahyryň goşgularyny özünde jemleýän «Magtymguly» atly täze neşir çap edildi. Ajaýyp goşgular bilen okyjyny gyzyklandyrýan, many-mazmuna baý bu kitap halkymyza baýramçylyk sowgady boldy. Adam haýsydyr bir kitaby ele almak bilen, ilkibaşda şol kitabyň gymmaty hakynda oýlanýar. Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okanyňda-da hut şeýle duýgulary başdan geçirýärsiň. Akyldar şahyryň goşgulary ruhy gymmatlygymyzdyr, şöhratly taryhymyzdan gelýän edebi mirasymyzdyr. Medeni miras, maddy we ruhy gymmatlyklar ynsanda şatlyk, ata-babalara hormat, ýaşaýşa söýgi, dowamata hyjuw döredýän gözellik älemidir. Bu älem durmuşda şamçyrag bolup, ýüreklerde buýsanç döredýär. Şonuň üçin hem dana şahyryň eserleri kalplary paýhas bilen durlaýan egsilmez güýçdür.

Hormatly Prezidentimiz: «Beýik akyldaryň eserleri ýurdumyzyň her bir raýatynyň mähriban halkymyza, eziz Diýarymyza, berkarar döwletimize bolan söýgüsini joşdurýar. Nesillerimizde ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, olaryň bilimli, hünärli, il-ýurt üçin, bütin adamzat üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga mynasyp ýaşlar bolup ýetişmegine ýardam edýär» diýip belleýär. Nusgawy edebiýat halkymyzyň asyrlaryň dowamynda okap gelen we beýik eser hökmünde nesillere ýetiren gymmatlygydyr. Bu gymmatly kitap nesil terbiýesinde hem, nesilleriň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda hem örän ähmiýetlidir.

Aýgül SAPARMYRADOWA,
Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar