Halk bähbitli beýik işler

28 Maý 2024
417

25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, milli parlament tarapyndan alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyk barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada habar berildi.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar