Nesil terbiýesi mukaddesdir

2 Iýun 2024
766

Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, milli medeniýeti bu günki günde ylmy esasda öwrenilýär. Şeýle asylly ýörelgelerimiziň biri hem nesil terbiýesidir. Halkymyz asyrlaryň dowamynda nesil terbiýesine uly üns berip gelipdir we bu barada parasatly sözleri döredipdir. Özi hem nesil terbiýesiniň nusgasyny kemala getiripdir, şeýle nusgalyk ýörelgäni arkama-arka kämilleşdiripdir. Şunda ýaş nesliň watansöýüji, il-güne peýdaly ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin alada edipdirler.

Nesil terbiýesi bilen bagly öwüt-ündewleri halk döredijiliginde, nusgawy şahyrlaryň eserlerinde aýdyň görmek bolýar. Nusgawy eserleriň her birinde milliligimiz, milli medeniýetimiz öz beýanyny tapýar. Munuň özi nesil terbiýesinde hem nusgalyk ýoluň kemala gelendigini alamatlandyrýar. Şeýle asylly ýoly wagyz etmek we ýaşlara öwretmek, olaryň ilhalar ynsanlar bolup kemala gelmeklerini üpjün etmek bilim işgärleriniň mukaddes borjuna öwrüldi. Şonuň üçin hem geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde nesil terbiýesi hakynda çykyşlar diňlenilýär.

Ylýas SAHATOW,
Saýat etrabyndaky 17-nji «Altyn aşyk» çagalar bakja-bagynyň hojalyk müdiri.
Beýleki habarlar