Türkmen topragynyň berekedi

16 Iýun 2024
502

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 31-nji maýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisiniň barşynda welaýatlarda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini belläp, ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda şu ýylyň 7-nji iýunynda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa, 14-nji iýunda galla oragyna hormatly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen başlamaga ak pata berdi. Şonuň bilen baglylykda, geçen hepdäniň anna güni welaýatymyzda galla oragyna dili senaly ýaşulularyň gatnaşmagynda toý ruhunda girişildi.

Baýramçylyk äheňinde bezelen esasy sahnada welaýatymyzyň medeniýet-sungat işgärleriniň, sahna ussatlarynyň joşgunly aýdym-saz, halk döredijilik çykyşlary giň gerime eýe boldy. Eşretli zamanamyzda daýhanlarymyzyň çekýän päk we halal zähmetiniň waspy çykyşlarda ýaýbaňlandyryldy. Sungat çykyşlaryndan göwni galkynan dabara gatnaşyjylar giň gözýetime uzap gidýän ak bugdaýly meýdanyň bir çetine ýygnandylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen Balkan welaýatymyzyň Gyzylarbat etrabynyň «Batly gadam» daýhan hojalygynda ýaşulularyň «Bismillasy» bilen galla oragyna başlandy. Şol pursatda kuwwatly däne orujy kombaýnlar hem hatar gurap, altynbaşly bugdaýly meýdanlara girdiler. Şeýlelikde, welaýatymyzda galla oragyna köpçülikleýin girişildi.

Serdar Suwhanow,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar