Döwletliler köşgündäki dabara

3 Iýun 2024
389

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Çagalar barada hemmetaraplaýyn alada, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi, ýaşajyk türkmenistanlylaryň bilim almaga, saglyklaryny berkitmäge hukuklarynyň üpjün edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar  Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän durmuş ugurly syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar