Ylym-bilim — rowaçlygyň binýady

28 Maý 2024
611

Jemgyýetiň we döwletiň binýadynyň berk bolmagy hem-de gülläp ösmegi, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ýurtda alnyp barylýan ylym-bilim syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçinem Diýarymyzda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn, kämil bilimli, watansöýüji adamlar bolup ýetişmegi ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem döwrüň talabyndan ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim edaralary tarapyndan köpugurly işler ýola goýulýar.

Türkmen ýaşlaryny belent watansöýüjilik, milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň aýratyn ähmiýeti bar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýaş türkmenistanlylary täze üstünliklere ruhlandyrýan, beýik işlere çagyrýan gymmatly gollanmadyr. Arkadagly Gahryman

Meretguly ZAHIROW,
Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar