Şatlykly pursatlar

26 Maý 2024
482

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ýokary ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarmaga ukyply adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwrüň talabyna laýyk gelýän döwrebap kompýuterler, tehniki serişdelerdir okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ýaşlara döwrebap bilim berilýär. Ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary Gahryman Arkadagymyza we

Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleri barada edilýän alada hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamak, arzuwlaryny amala aşyrmak ugrunda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan edýärler. Röwşen geljegimiz ýaşlar bilen baglanyşyklydyr. Muňa oňat düşünýän ýaşlarymyz özleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, okaýarlar, öwrenýärler. Bagtyýar ýaşlar özlerine bildirilýän ynama mynasyp iş bilen jogap bermek üçin täze tehnologiýalara, kompýuterlere ökdelik bilen erk edip, dünýäniň genji-hazynasyna öwrülen taryhymyzy, edebi mirasymyzy öwrenip, ýurdumyzyň şan-şöhratyny, türkmen ylmyny dünýä ýaýýarlar. Muny olaryň gazanýan ýokary netijeleri-de görkezýär. 2023 — 2024-nji okuw ýyly bilim işgärleri, mugallymlar, şeýle hem bilimleriň täze belentliklerini özleşdiren okuwçylar üçin ýatda galyjy wakalaryň döwri boldy. Ýurdumyzyň ak mekdeplerinde işler göwnejaý ýola goýlup, okatmagyň we bilim bermegiň täze, interaktiw usullaryndan giňden peýdalanyldy we belent sepgitlere ýetildi. Döwrebap mekdepleriň täze binalarynyň yzygiderli açylmagy, ak mekdeplere ilkinji gadam basan alty ýaşly körpeleriň ählisine hormatly Prezidentimiziň sowgady bolan kompýuterleriň gowşurylmagy diňe bir çagalaryň däl, eýsem, ata-eneleriň, tutuş maşgalalaryň hem şatlygyny goşalandyrdy. Okuw ýylynyň dowamynda mekdep okuwçylary dürli derejedäki bäsleşiklerdir sport ýaryşlaryna gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnygy bilen Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular.

Jemal GELDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 78-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.
Beýleki habarlar