Akyldar şahyryň döredijiligine sarpa

26 Maý 2024
464

Bu günki gün bagtyýar türkmen halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda akyldar şahyrymyz, Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajaýyp zamanasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hözirini görüp ýaşamak bilen, yhlasly zähmet çekýär. Şonuň bilen bir hatarda, häzirki ajaýyp döwrümizde beýik şa-hyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýulýar. Adamzadyň ruhy gymmatlyklaryna akyl ýetiren akyldar şahyryň edebi mirasyndaky, baý döredijiligindäki, şirin owazly şygryýetindäki umyt-arzuwlary häzirki döwürde hasyl boldy, wysala gowuşdy.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen akyldar şahyrymyzyň döredijiligi ylmy esasda öwrenilýär, dünýäde giňden wagyz edilýär. Häzirki wagtda şahyryň döredijiliginiň türkmen we Gündogar halklarynyň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygyny açyp görkezmek, şahyrana dünýäsine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar.

Ejeş ARAMEDOWA,
Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar