Nusgawy edebiýatyň çyragy

26 Maý 2024
646

2024-nji ýylda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede dabaraly bellenilýär. Dana şahyryň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň hazynasynda mynasyp orun aldy. Asyrlaryň geçendigine garamazdan, beýik akyldaryň eserleri ähmiýetini ýitirmän, eýsem, bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar.

Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyksöýüjilik, dost-doganlyga çagyryş ýaly hiç wagt ähmiýetini ýitirmejek umumadamzat gymmatlyklary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şonuň üçinem akyldaryň dürli halklaryň dillerine terjime edilen goşgulary Ýer ýüzüniň islendik künjeginde ýaşaýan adamlaryň kalplarynda orun alýar. Russiýada, Türkiýede, Eýranda, Özbegistanda we beýleki ýurtlarda türkmeniň beýik nusgawy şahyrynyň hormatyna ýadygärlikleriň oturdylmagy hem munuň aýdyň nyşanydyr.

Şasenem JORAÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň uly mugallymy, pedagogika ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar