Ýaş nesil — röwşen geljegimiz

28 Maý 2024
450

Maşgala jemgyýetiň ilkinji düzüm bölegi bolmak bilen, ol bagtyýar durmuşyň berk daýanjy we edep-terbiýe ojagy hasaplanýar. Edep-terbiýe ojagy hasaplanýan agzybir maşgala jemgyýeti jebisleşdirýär, ata Watanymyzy kuwwatlandyrýar. Maşgaladaky ilkinji terbiýe kämil çaganyň kemala gelmeginde uly orun tutýar. Çaga terbiýesine ene-atalar bilen birlikde, maşgalanyň ähli agzalary hem gatnaşýar. Şeýle hem çaganyň ýokary ahlakly, giň düşünjeli bolup ýetişmeginde jemgyýetiň ähmiýeti örän uludyr. Türkmen maşgalasynda kemala gelýän ýaş nesle berilýän edep-terbiýäniň many-mazmuny giň hem köptaraplydyr. Maşgala terbiýesi jemgyýetçilik terbiýesiniň iň bir ähmiýetli we özboluşly tarapydyr. Onuň özboluşlylygy, ilkinji nobatda, ösýän şahsyýete ilkinji durmuş sapaklaryny berýänligindedir. Çaga geljekdäki durmuş hereketlerine we onda özüňi alyp barmagyň dürli tärlerine gollanma alýar. Maşgala we jemgyýetçilik terbiýesi çagalaryň hem-de terbiýeçileriň öz aralaryndaky gatnaşyklary esasynda gurulýar.

Çaga terbiýesi, durmuşda köp öwrenilmeli zerur meseleleriň biridir. Her bir halkda bolşy ýaly, türkmen halkynda-da çaga, nesil terbiýesi, ol hakdaky däpler öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Halkyň döredip, uzak asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, bagtyýar döwrümize ýetiren ruhy mirasy bu günki günde terbiýe meselesinde iňňän uly ähmiýete eýe. Halk döredijiligi, ylaýta-da, nakyllar ýol görkeziji şamçyrag bolup, jaýdar setirler durmuşda öz ornuňy tapmagy, dogry ýoldan ýöremegi öwredýär. Alkyş-dilegler, hüwdüler, kem-kemden ertekidir matallar, sanawaçlardyr ýaňyltmaçlar, läledir monjugatdylar, nakyldyr rowaýatlar, dessandyr şadessanlar — bularyň ählisi perzent terbiýesinde eriş-argaç bolup geçýär.

Aýgözel NURLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar