"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Söwda toplumynda dokuz aýyň jemlerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň binasynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynyň jemlerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň 5-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça öňde durýan wezipeler, şeýle-de söwda toplumynyň işini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen bagly käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatynda, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew şu ýylyň dokuz aýynda söwda toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada çykyş etdi. Şeýle-de wise-premýer hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň, taýýar dokma önümlerini daşary ýurt bazarlaryna ýaýratmagyň, şeýle-de ýurdumyzyň ähli künjeginde hereket edýän bazarlary halkyň sarp edýän gündelik harytlary bilen üpjün edip durmagyň wajypdygy barada nygtady.

GFR: ösüş we ykdysadyýetiň kerwenbaşylary

Dünýä hojalygyna täsirini ýetirýän çökgünlikleriň yzygiderli gaýtalanýan zamanasynda eýýäm ýarym asyrdan gowrak wagt bäri, durnuklylygyň nusgasyna deňelýän Germaniýanyň ykdysadyýetiniň üstünlikleri hiç kimi geň galdyrmaýar. Bu ýurduň ykdysady ösüşiniň wagtlaýyn däl-de, hemişelik hadysa bolandygy sebäpli, şeýle durnuklylyga adaty ýagdaý hökmünde garalýar. Bizem halkara bilermenleriň geçiren seljermesine salgylanyp, nemes ykdysadyýetiniň üstünliginiň syrlaryny çöşlemäge synanyşdyk. Şeýle durnukly ösüş bir-biriniň üstüni ýetirýän mikro we makroykdysady şertleriň hem-de gymmatlyklar ulgamynyň ajaýyp sazlaşygy bilen düşündirilýär. Pugta pul-karz syýasaty

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 51 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Gruziýadan, Gyrgyz Respublikasyndan, Owganystandan, BAE-den, Özbegistandan we Türkiýeden gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni, suwuklandyrylan gazy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Şeýle-de dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 93 million 919 müň 477 amerikan dollaryna deň boldy.

Maldarçylyk pudagyny ösdürmegiň ykdysady mümkinçilikleri

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Türkmenistanda maldarçylyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak we mallaryň baş sanyny köpeltmek ot-iýmlik binýadynyň ýagdaýyna gönüden-göni bagly bolup durýar. Häzirki döwürde mallary gerek bolan mukdarda ýokary hilli ot-iýmlik binýady bilen üpjün etmek möhüm wezipeleriň biridir. Bu ugurda, bir tarapdan, ot-iýmlerde ýokumly maddalaryň düzümine we konsentrasiýasyna üns berilmeli bolsa, ikinji tarapdan, berilýän ot-iýmlikleriň mallaryň zerurlyklaryna laýyk gelmegine, ýagny olaryň baş sanynyň köpelmegine we önüm berijilik döwrüne bagly bolmagyna üns berilmeli.

Nobel, nebit, Türkmenistan

Robert Nobel Taryh sahypalaryna ser salsaň, nebit barada gürrüň açylýan bolsa, biziň topragymyz hem ýatlanyp geçilýändir. Dürli döwürlerde başgaça atlandyrylan hem bolsa, durşy bilen baýlyk bolan bu topragyň öz Watanyňdygy göwnüňi göterýär, ony bize miras galdyran pederlerimize alkyş aýdýarsyň.

ÝYK Türkmenistanyň we Eýranyň üstünden demirýol ýük daşamalaryna gyzyklanma bildirýär

Häzirki wagtda Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasy (ÝYK) Türkmenistanyň we Eýranyň üstünden demirýol arkaly haryt daşamak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesiniň taslamasyna gatnaşýan ýurtlar, şeýle hem bu taslama gyzyklanma bildirýän taraplar bilen iş alyp barýar. Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasynyň (ÝYK) Energetika we infrastruktura ministri Arzybek Kožoşew bu barada “Abu-Dhabi Ports” kompaniýalar toparynyň baş direktory Mohammed Juma Al Şamisi bilen şu ýylyň 2-nji oktýabrynda Abu-Dabi şäherinde geçirilen duşuşykda mälim etdi. Bu barada Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Ýollaryň abatlygy – il-günüň abadanlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynda döwrebap özgertmeler durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň deňiz-derýa, howa, demir we awtoulag ýollary arkaly gämilerdir uçarlar, otlular, ýük we ýolagçy awtoulaglary bilen ýükleri daşamakda, ýolagçylary gatnatmakda netijeli işler alnyp barylýar. Bu işleriň agramly bölegi bolsa ýurdumyzyň çar künjüne ýaýran polat ýollarda hereket edýän otlulara degişlidir. Ine, şol otlularyň bökdençsiz hereketini gazanmak maksady bilen «Türkmendemirýollary» agentliginiň Türkmenabat ýol we desgalar edarasynda hem önjeýli zähmet gaýnap joşýar. Bu ýerde ýaşdygyna garamazdan, işbaşarjaňlygy, tutanýerliligi bilen tapawutlanýan hünärmenleriň birnäçesiniň yhlasly zähmet çekmegi bilen işleriň netijesi barha artýar, bellenilen sepgitlere hem abraý bilen ýetilýär.

Sanly bank hyzmatlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan, täzeçil ýörelgeleri maksat edinýän ykdysady syýasatynyň netijesinde döwletimiz sebitde syýasy durnuklylygy saklamakda we oňa goldaw bermekde, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde daşary ýurtly maliýe we bank edaralarynyň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşyna öwrülýär. Şonuň ýaly-da ýurdumyz tarapyndan Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýleki halkara maliýe guramalary we bank edaralary bilen netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn üns berilýär. Halkara maliýe guramalary we bank edaralary bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ýola goýulmagy netijesinde gazanylýan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi hünärmenleriň halkara derejesinde iş tejribelerine eýe bolmaklaryna we deňhukukly maliýe gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna getirýär. Halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde we umumadamzat ösüşine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda ýurdumyzyň alyp barýan kämil syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldaw tapýar.

Ösüşiň hem rowaçlygyň ýollary

Eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gaýtadan dikeltmekde, ýurdumyzy sebitde iri ulag-logistika merkezine öwürmekde uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyz üstaşyr ulag geçelgelerini, esasan hem, sebit we yklym ähmiýetli demir ýollary gurmak barada başlangyçlary, täze taslamalary dünýä ýaýdy. Tejen — Sarahs — Maşat halkara demir ýoly, Aşgabat — Garagum — Daşoguz, Türkmenabat — Kerki demir ýollary ýurduň içinde ägirt uly umumy demir ýol halkasyny emele getirdi we şol bir wagtda goňşy ýurtlara çykalga açdy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gurlup ulanmaga berlen ýokary derejeli halkara awtomobil we demir ýollar, howa menzilleri, deňiz porty ýurdumyzyň sebitiň ulag-logistika ulgamyndaky ornuny has-da berkidýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä uzaýan dost-doganlyk ýollarymyz ynsanperwerlige ýugrulan hemişelik Bitaraplyk syýasatymyz bilen utgaşýar. Dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlarynda degişli ýollary baglanyşdyrýan esasy ýollarda milli düzümi has-da giňeltmek ýurdumyzyň ulag diplomatiýasyny ösdürmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň esasyny düzýär.

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

Täze tehnikalar gelip gowuşdy Döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň iri hem-de öňdebaryjy pudaklarynyň biri nebitgaz ulgamyň döwrebap tehniki we tehnologik taýdan enjamlaşdyrmagyna giň şertler döredilýär. Täzelikde “Türkmengaz” Döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny üpjünleýiş müdirliginiň Marydaky ikinji bazasyna Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan täze tehnikalar — gaz berýän guýulary düýpli abatlamak üçin niýetlenilen kämil tehnologiýaly, özi ýöreýän göteriji buraw desgalary gelip gowuşdy.

Sanly ykdysadyýet – durnukly ösüşiň guraly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda beýik işleriň rowaçlanýan ajaýyp döwri boldy. Ýurdumyzyň asudalygyny, halkymyzyň agzybirligini, binýady halaldan mäkäm tutulan döwletimiziň sarsmaz binýadyny, jemgyýetimiziň mizemez jebisligini pugtalandyrmakda gazanylýan üstünlikler milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagynyň yzygiderli hem durnukly ösmeginiň guralyna öwrülýär. Sanly ykdysadyýetiň sazlaşykly ösdürilmegi, durnukly ykdysady ösüşiň hem-de ýokary durmuş ölçegleriniň üpjün edilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümçilikleri döretmekde hem-de ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny berkitmekde ulgamlaýyn düzümleri döredijileriň biri hökmünde türkmen telekeçiligine aýratyn orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hususy bölegi ägirt uly serişdelere eýedir. Telekeçiler döwlete dahylsyz bölegiň alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmekde hem-de Türkmenistanyň tutuş halk hojalyk toplumynyň işjeňleşdirilmeginde möhüm orny eýeleýärler.

Durnukly ykdysady ösüş — halkyň bagtyýar geljeginiň kepili

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, mähriban halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek babatda uly ähmiýete eýe boldy. Mejlisde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin möhüm ähmiýetli wezipeler kesgitlenildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taryhy mejlisdäki çykyşynda: «Biziň ähli ösüşlerimiz dünýäniň tehnologik özgertmeleri bilen utgaşykly dowam etmelidir. Aýratyn hem, hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetimizi innowasion esasda ösdürmek we sanlylaşdyrmak, jemgyýetimiziň aň-bilim we ylmy mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrmak babatda öňe sürýän garaýyşlary, kabul edýän çözgütleri netijesinde durmuşymyz barha gözelleşmelidir. Ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwaty, tebigy baýlyklary, adam mümkinçilikleri bu maksada ýetmäge gönükdirilendir» diýip belledi. Hakykatdan-da, gysga taryhy döwürde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşi, ylmyň gazananlaryny, innowasion tehnologiýalary peýdalanmak bilen öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygy üpjün edildi. Özümizde bar bolan tebigy baýlyklarymyzy hem-de ykdysadyýet babatda öňdebaryjy dünýä tejribesini netijeli ulanyp, ýurdumyz dünýäniň durnukly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Bu ýetilen sepgitleri halkara maliýe institutlary bolan Halkara pul gazn

Belent üstünlikleriň şuglasy

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz ösüşlere beslenýär, täze üstünliklere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bähbidini nazarlaýar we röwşen geljegimizi üpjün edýär. Taryh üçin gysga döwürde Türkmenistan Watanymyz ösüşiň belent sepgitlerine ýetmek bilen, ýurdumyz tutuş jemgyýetimizi gurşap alýan kuwwatly, oňyn özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygary her bir türkmenistanlynyň bagtyýar ýaşaýşynyň üpjün edilmeginiň kepili bolup çykyş edýär. Şeýlelikde, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmekleri, ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmekleri üçin iň gowy şertleriň döredilmegine gönükdirilen durmuş ugurly döwlet syýasaty rowaçlyklara beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirmek, dünýäde ýurdumyzyň abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda belent ösüşleriň gazanylýan döwri hökmünde şöhlelenýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşy ägirt uly ösüşlere beslenýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitde we dünýäde umumy durnukly ösüşleriň üpjün edilmegine mynasyp goşandyny goşýa

Döwrüň talabyndan ugur alyp

Şu ýylyň 8-nji sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyz bank hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek, hasaplaşyk-töleg ulgamyny kämilleşdirmek boýunça çäreleriň geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek, hususan-da, ykdysadyýetiň mundan beýläk-de durnukly ösüşini üpjün etmek üçin ähli şertler döredilip, işewürlik we maýa goýum işjeňligini, telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmäge uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň energetika pudagy Abu-Dabi şäherinde geçirilýän sergide tanyşdyrylýar

2 — 5-nji oktýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «ADIPEC 2023» sergisi geçirilýär. Bu sergä ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleri hem işjeň gatnaşýarlar. Onda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmenistanyň energetika toplumy tanyşdyrylýar.

Özbegistanda elektromobiller öndüriler

Hytaýyň “BYD Auto” we “Uzwtosanoat” paýdarlar jemgyýeti bilelikdäki täze “BYD Uzbekistan Factory” kärhanasyny döretmek barada ylalaşyk baglaşdylar.  Resminama ” BYD Company Ltd” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we prezidenti Wan Çuanfunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Özbegistana saparynyň çäklerinde gol çekildi. 

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gazagystanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kerosini we polipropileni satyn aldylar. Şeýle hem BAE-niň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 16 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Gyrgyz Respublikasyndan, BAE-den, Gazagystandan, Özbegistandan, Gruziýadan we Beýik Britaniýadan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen tehniki kerosini, polipropileni, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen ýokary hilli «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şeýle-de dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 37 million 459 müň 500 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

«Täze hyzmat» hususy kärhanasy komission dükanyny ýola goýýar

«Täze hyzmat» hususy kärhanasy isleg bildirýän taraplara baha kesmek, hususy kärhana, telekeçilik patentini açmak, ygtyýarnama almak üçin resminamalary ýygnamak, biznes meýilnamasyny düzmek, buhgalterçilik hyzmatlary ýaly köp ugurlara degişli resminama hyzmatlaryny ýerine ýetirip gelýär. Indi bolsa kärhana komission dükanynyň işini hem öz hyzmatlarynyň hataryna goşýar. «Täze hyzmat» hususy kärhanasynyň kömegi bilen telekeçilige degişli bolan ähli resminama hyzmatlaryny bir ýerden hem-de gysga wagtyň dowamynda ýokary hilde amala aşyrmak bilen, öz wagtyňyzy tygşytlap bilersiňiz.

Maldarçylyk pudagyny ösdürmegiň ykdysady mümkinçilikleri

Maldarçylyk oba hojalygynyň möhüm we ekerançylyga garanyňda, has girdejili pudaklaryndan biri hasaplanylýar. Bu pudak ekerançylyk bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ekerançylykda ekilen ähli ekinleriň galyndy otlary, däneleriniň harpygy oba hojalyk mallaryna iýmlik hökmünde ulanylýar. Maldarçylygyň esasy pudaklaryndan dowardarçylyk, iri şahly maldarçylyk, gylýalçylyk, düýedarçylyk, ýüpekçilik, balaryçylyk, balykçylyk döwletimiz üçin häsiýetlidir. Maldarçylyk pudagynyň döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda institusional-hukuk esaslarynyň ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi üçin ylmyň soňky gazananlaryny, häzirki zaman usullaryny we tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak meselesi döwlet tarapyndan kadalaşdyrylýar. Maldarçylyk önümleri ilata iýmit (et, süýt, ýag, bal, ýumurtga we ş.m.), senagat kärhanalary üçin çig mal (ýüň, deri, gön, mişi, çöpür, guş ýelegi, et, süýt, balyk uny we beýlekiler) bolup hyzmat edýär.