«Täze hyzmat» hususy kärhanasy komission dükanyny ýola goýýar

1 Oktýabr 2023
427

«Täze hyzmat» hususy kärhanasy isleg bildirýän taraplara baha kesmek, hususy kärhana, telekeçilik patentini açmak, ygtyýarnama almak üçin resminamalary ýygnamak, biznes meýilnamasyny düzmek, buhgalterçilik hyzmatlary ýaly köp ugurlara degişli resminama hyzmatlaryny ýerine ýetirip gelýär. Indi bolsa kärhana komission dükanynyň işini hem öz hyzmatlarynyň hataryna goşýar.

«Täze hyzmat» hususy kärhanasynyň kömegi bilen telekeçilige degişli bolan ähli resminama hyzmatlaryny bir ýerden hem-de gysga wagtyň dowamynda ýokary hilde amala aşyrmak bilen, öz wagtyňyzy tygşytlap bilersiňiz.