Durnukly ykdysady ösüş — halkyň bagtyýar geljeginiň kepili

4 Oktýabr 2023
497

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, mähriban halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek babatda uly ähmiýete eýe boldy. Mejlisde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin möhüm ähmiýetli wezipeler kesgitlenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taryhy mejlisdäki çykyşynda: «Biziň ähli ösüşlerimiz dünýäniň tehnologik özgertmeleri bilen utgaşykly dowam etmelidir. Aýratyn hem, hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetimizi innowasion esasda ösdürmek we sanlylaşdyrmak, jemgyýetimiziň aň-bilim we ylmy mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrmak babatda öňe sürýän garaýyşlary, kabul edýän çözgütleri netijesinde durmuşymyz barha gözelleşmelidir. Ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwaty, tebigy baýlyklary, adam mümkinçilikleri bu maksada ýetmäge gönükdirilendir» diýip belledi. Hakykatdan-da, gysga taryhy döwürde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşi, ylmyň gazananlaryny, innowasion tehnologiýalary peýdalanmak bilen öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygy üpjün edildi. Özümizde bar bolan tebigy baýlyklarymyzy hem-de ykdysadyýet babatda öňdebaryjy dünýä tejribesini netijeli ulanyp, ýurdumyz dünýäniň durnukly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Bu ýetilen sepgitleri halkara maliýe institutlary bolan Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky we beýleki abraýly guramalar hem ykrar edýär.

Aknabat ATABAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory, ykdysady ylymlaryň kandidaty.