ÝYK Türkmenistanyň we Eýranyň üstünden demirýol ýük daşamalaryna gyzyklanma bildirýär

5 Oktýabr 2023
544

Häzirki wagtda Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasy (ÝYK) Türkmenistanyň we Eýranyň üstünden demirýol arkaly haryt daşamak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesiniň taslamasyna gatnaşýan ýurtlar, şeýle hem bu taslama gyzyklanma bildirýän taraplar bilen iş alyp barýar.

Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasynyň (ÝYK) Energetika we infrastruktura ministri Arzybek Kožoşew bu barada “Abu-Dhabi Ports” kompaniýalar toparynyň baş direktory Mohammed Juma Al Şamisi bilen şu ýylyň 2-nji oktýabrynda Abu-Dabi şäherinde geçirilen duşuşykda mälim etdi. Bu barada Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.