Sanly ykdysadyýet – durnukly ösüşiň guraly

4 Oktýabr 2023
232

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda beýik işleriň rowaçlanýan ajaýyp döwri boldy. Ýurdumyzyň asudalygyny, halkymyzyň agzybirligini, binýady halaldan mäkäm tutulan döwletimiziň sarsmaz binýadyny, jemgyýetimiziň mizemez jebisligini pugtalandyrmakda gazanylýan üstünlikler milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagynyň yzygiderli hem durnukly ösmeginiň guralyna öwrülýär. Sanly ykdysadyýetiň sazlaşykly ösdürilmegi, durnukly ykdysady ösüşiň hem-de ýokary durmuş ölçegleriniň üpjün edilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümçilikleri döretmekde hem-de ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny berkitmekde ulgamlaýyn düzümleri döredijileriň biri hökmünde türkmen telekeçiligine aýratyn orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hususy bölegi ägirt uly serişdelere eýedir. Telekeçiler döwlete dahylsyz bölegiň alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmekde hem-de Türkmenistanyň tutuş halk hojalyk toplumynyň işjeňleşdirilmeginde möhüm orny eýeleýärler.