Ösüşiň hem rowaçlygyň ýollary

4 Oktýabr 2023
448

Eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gaýtadan dikeltmekde, ýurdumyzy sebitde iri ulag-logistika merkezine öwürmekde uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyz üstaşyr ulag geçelgelerini, esasan hem, sebit we yklym ähmiýetli demir ýollary gurmak barada başlangyçlary, täze taslamalary dünýä ýaýdy. Tejen — Sarahs — Maşat halkara demir ýoly, Aşgabat — Garagum — Daşoguz, Türkmenabat — Kerki demir ýollary ýurduň içinde ägirt uly umumy demir ýol halkasyny emele getirdi we şol bir wagtda goňşy ýurtlara çykalga açdy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gurlup ulanmaga berlen ýokary derejeli halkara awtomobil we demir ýollar, howa menzilleri, deňiz porty ýurdumyzyň sebitiň ulag-logistika ulgamyndaky ornuny has-da berkidýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä uzaýan dost-doganlyk ýollarymyz ynsanperwerlige ýugrulan hemişelik Bitaraplyk syýasatymyz bilen utgaşýar. Dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlarynda degişli ýollary baglanyşdyrýan esasy ýollarda milli düzümi has-da giňeltmek ýurdumyzyň ulag diplomatiýasyny ösdürmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň esasyny düzýär.

Perman MYRADOW,
welaýat gümrükhanasynyň Köneürgenç gümrük nokadynyň uly gözegçisi, maýor.