Maldarçylyk pudagyny ösdürmegiň ykdysady mümkinçilikleri

8 Oktýabr 2023
636

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda).

Türkmenistanda maldarçylyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak we mallaryň baş sanyny köpeltmek ot-iýmlik binýadynyň ýagdaýyna gönüden-göni bagly bolup durýar. Häzirki döwürde mallary gerek bolan mukdarda ýokary hilli ot-iýmlik binýady bilen üpjün etmek möhüm wezipeleriň biridir. Bu ugurda, bir tarapdan, ot-iýmlerde ýokumly maddalaryň düzümine we konsentrasiýasyna üns berilmeli bolsa, ikinji tarapdan, berilýän ot-iýmlikleriň mallaryň zerurlyklaryna laýyk gelmegine, ýagny olaryň baş sanynyň köpelmegine we önüm berijilik döwrüne bagly bolmagyna üns berilmeli.

Hangeldi GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň ykdysady töwekgelçilikleri seljeriş müdirliginiň başlygy.