Döwrüň talabyndan ugur alyp

3 Oktýabr 2023
665

Şu ýylyň 8-nji sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyz bank hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek, hasaplaşyk-töleg ulgamyny kämilleşdirmek boýunça çäreleriň geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek, hususan-da, ykdysadyýetiň mundan beýläk-de durnukly ösüşini üpjün etmek üçin ähli şertler döredilip, işewürlik we maýa goýum işjeňligini, telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmäge uly ähmiýet berilýär.

Arazmyrat NAZAROW,
Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.