Söwda toplumynda dokuz aýyň jemlerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi

8 Oktýabr 2023
492

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň binasynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynyň jemlerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň 5-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça öňde durýan wezipeler, şeýle-de söwda toplumynyň işini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen bagly käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynda, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew şu ýylyň dokuz aýynda söwda toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada çykyş etdi. Şeýle-de wise-premýer hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň, taýýar dokma önümlerini daşary ýurt bazarlaryna ýaýratmagyň, şeýle-de ýurdumyzyň ähli künjeginde hereket edýän bazarlary halkyň sarp edýän gündelik harytlary bilen üpjün edip durmagyň wajypdygy barada nygtady.

«Biznes reklama».