Maldarçylyk pudagyny ösdürmegiň ykdysady mümkinçilikleri

1 Oktýabr 2023
445

Maldarçylyk oba hojalygynyň möhüm we ekerançylyga garanyňda, has girdejili pudaklaryndan biri hasaplanylýar. Bu pudak ekerançylyk bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ekerançylykda ekilen ähli ekinleriň galyndy otlary, däneleriniň harpygy oba hojalyk mallaryna iýmlik hökmünde ulanylýar. Maldarçylygyň esasy pudaklaryndan dowardarçylyk, iri şahly maldarçylyk, gylýalçylyk, düýedarçylyk, ýüpekçilik, balaryçylyk, balykçylyk döwletimiz üçin häsiýetlidir.

Maldarçylyk pudagynyň döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda institusional-hukuk esaslarynyň ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi üçin ylmyň soňky gazananlaryny, häzirki zaman usullaryny we tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak meselesi döwlet tarapyndan kadalaşdyrylýar. Maldarçylyk önümleri ilata iýmit (et, süýt, ýag, bal, ýumurtga we ş.m.), senagat kärhanalary üçin çig mal (ýüň, deri, gön, mişi, çöpür, guş ýelegi, et, süýt, balyk uny we beýlekiler) bolup hyzmat edýär.

Hangeldi GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň ykdysady töwekgelçilikleri seljeriş müdirliginiň başlygy.