Belent üstünlikleriň şuglasy

3 Oktýabr 2023
542

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz ösüşlere beslenýär, täze üstünliklere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bähbidini nazarlaýar we röwşen geljegimizi üpjün edýär. Taryh üçin gysga döwürde Türkmenistan Watanymyz ösüşiň belent sepgitlerine ýetmek bilen, ýurdumyz tutuş jemgyýetimizi gurşap alýan kuwwatly, oňyn özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygary her bir türkmenistanlynyň bagtyýar ýaşaýşynyň üpjün edilmeginiň kepili bolup çykyş edýär. Şeýlelikde, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmekleri, ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmekleri üçin iň gowy şertleriň döredilmegine gönükdirilen durmuş ugurly döwlet syýasaty rowaçlyklara beslenýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirmek, dünýäde ýurdumyzyň abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda belent ösüşleriň gazanylýan döwri hökmünde şöhlelenýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşy ägirt uly ösüşlere beslenýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitde we dünýäde umumy durnukly ösüşleriň üpjün edilmegine mynasyp goşandyny goşýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty, dünýäniň ähli ýurtlary bilen ýola goýýan, ösdürýän dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, okgunly ösüşleri, halkymyzyň abadançylygy milli döwletliligiň binýadynyň berkdigini şöhlelendirýär.

Akmeňli GARAÝEWA,
Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.