Ýollaryň abatlygy – il-günüň abadanlygy

4 Oktýabr 2023
518

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynda döwrebap özgertmeler durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň deňiz-derýa, howa, demir we awtoulag ýollary arkaly gämilerdir uçarlar, otlular, ýük we ýolagçy awtoulaglary bilen ýükleri daşamakda, ýolagçylary gatnatmakda netijeli işler alnyp barylýar. Bu işleriň agramly bölegi bolsa ýurdumyzyň çar künjüne ýaýran polat ýollarda hereket edýän otlulara degişlidir.

Ine, şol otlularyň bökdençsiz hereketini gazanmak maksady bilen «Türkmendemirýollary» agentliginiň Türkmenabat ýol we desgalar edarasynda hem önjeýli zähmet gaýnap joşýar. Bu ýerde ýaşdygyna garamazdan, işbaşarjaňlygy, tutanýerliligi bilen tapawutlanýan hünärmenleriň birnäçesiniň yhlasly zähmet çekmegi bilen işleriň netijesi barha artýar, bellenilen sepgitlere hem abraý bilen ýetilýär.

Atanyýaz ZÜLPIÝEW.