"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Türkmenistanda öndürilen» — bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň nyşany

Ýurdumyzda haryt öndürijileriň eksport kuwwatyny artdyrmak, milli önümlerimiziň daşary ýurtlardan getirilýän harytlar bilen bäsdeşlige ukyplylygyny we ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde döwlet we hususy eýeçiligindäki döwrebap kärhanalarda öndürilýän ýokary hilli önümler diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly islegden peýdalanýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 20-nji oktýabrynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanda sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary guramak işini 2020 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Strategiýasyna» laýyklykda, «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanyny döretmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmegiň meýilleşdirilýändigi habar berildi. Milli haryt nyşanynyň döredilmegi ýurdumyzyň ýokary hilli harytlary öndürmek we hyzmatlary amala aşyrmak ulgamynda uly mümkinçiliklere eýe bolan döwletdigini dünýä ýüzüne äşgär eder. Haryt nyşanlary harydyň özüne ýa-da gabyna bellenilip, degişli önümiň aýratynlyklary, gelip çykyşy, hili bilen bagly peýdaly maglumatlary sarp edijilere ýetirmek üçin niýetlenen ýazgy, şertli belgi, şekil görnüşinde bolýar. Şeýle şertli belgiler bu günki gün önümiň aýrylmaz bölegi hasaplanýar. Taryhdaky ilkinji şertli belgiler biziň eýýamymyzdan öňki II müňýyllykda Gadymy Müsürde peýda bolupdyr. Ylmy barlaglary

Ykdysady ösüşde bank ulgamynyň orny

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini beýan edýän maksatnamalar sebit we dünýä möçberinde milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga, azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, hususy ulgamyň önümçilik, innowasiýa we maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryna geçmek babatda iri düzümleýin işler durmuşa geçirilýär, maliýe-bank, býujet-salgyt hem-de pul-karz ulgamlary kämilleşdirilýär. Şunda çeýe makroykdysady syýasatyň geçirilmegine, halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça wezipeleriň netijeli çözülmegine, iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna hem-de iň oňat dünýä tejribesiniň öwrenilmegine, öňdebaryjy halkara maliýe düzümleri, şol sanda Halkara Pul Gaznasy bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek, hususan-da, ykdysadyýetiň mundan beýläk-de durnukly ösüşini üpjün etmek üçin ähli şertler döredilip, işewürlik we maýa goýum işjeňligini, telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmäge uly ähmiýet berilýär.

Kaka dokma toplumy uly kuwwata eýe

Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma senagatynda 70-den gowrak kärhana işleýär. Şolaryň biri hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda açylyp ulanylmaga berlen Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky dokma toplumydyr. Meşhur daşary ýurt önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen täze, döwrebap dokma toplum kuwwatly önümçilik üçin niýetlenendir. Has takygy, toplumyň egirme bölüminde ýylda 5 müň tonna pagta süýümi gaýtadan işlenip, 3 müň 650 tonna inçe daralan kompakt nah we garyşyk ýüplükleri öndürilýär. Bu bölümde Şweýsariýanyň «Rieter» we Ýaponiýanyň «Murata» kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli innowasion enjamlary ornaşdyrylandyr.

Özbegistan ýylyň başyndan bäri 2,3 milliard dollardan gowrak dokma önümlerini eksport etdi

Ýurduň Statistika gullugynyň habar bermegine görä, şu ýylyň başyndan bäri, Özbegistan dokma eksportyndan 2,3 milliard amerikan dollaryndan gowrak girdeji gazandy. Berlen maglumatlara görä, 2023-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Özbegistan 58 ýurda 582 görnüşli dokma önümlerini eksport etdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurduň eksport görkezijisi 3,3 göterim azaldy. Eksport önümleriniň düzüminde esasy paýy dokma önümleridir ýüplük tutýar. Şeýle hem trikotaž fabrik matalary, joraplary agzamak bolar.

Önümçilik depgini ýokarlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dokma senagatynda täze-täze üstünlikler gazanylýar. Şeýle kärhanalaryň biri-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Bäherden etrabyndaky Ýüplük fabrigidir. Ol ýurdumyzyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolmak bilen, bu ýerde öndürilýän 27/1, şeýle-de 34/1 belgili nah ýüplükler dünýä bazarynda hem islegli önümlerdir. Kärhananyň şu ýylyň dokuz aýynda önümçilik görkezijileriniň ýokary bolmagy hem bäsdeşlige ukyply dokma önümleriniň hyrydarlarynyň ýetikdigi bilen baglanyşyklydyr. 2023-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda kärhanada 74 million 260 müň manatlykdan gowrak iş edilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürmekde 105 göterim ösüş gazanyldy. Kärhananyň önümleriniň esasy böleginiň Russiýa, Hytaý, Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan ýaly ýurtlara yzygiderli eksport edilmegi hem guwandyryjy ýagdaýdyr.

Türkiýäniň ykdysady kuwwaty

Iki yklymyň çatrygynda ýerleşýän Türkiýe Respublikasy dünýäniň ösen ykdysadyýetli ýurtlarynyň arasynda öňdäki orny eýeleýär. Oba hojalykdyr dokma önümleriniň, awtoulag serişdeleriniň, gurluşyk, öý-hojalyk harytlarynyň, tehnikalaryň önümçiligi we eksporty boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna girýär. Türkiýäniň Statistika institutynyň hasabatyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde ýurduň ykdysadyýeti 3,8 göterim ýokarlanyp, dünýäniň iň ýokary çärýekleýin ösüşi hökmünde hasaba alyndy. Şeýle-de ýurduň jemi içerki önümi (JIÖ) 1 trillion 154 million amerikan dollaryna barabar boldy. Halkara Pul Gaznasynyň çaklamalaryna görä, Türkiýe Respublikasynyň 2023-nji ýylda dünýä ýurtlarynyň arasynda milli girdejisi boýunça 2 basgançak ýokarlanyp, 17-nji orna geçmegine garaşylýar. 2022-nji ýylda 10 müň 622 amerikan dollary möçberinde adam başyna düşýän jemi içerki önümi bilen 78-nji ýeri eýelän Türkiýe 2023-nji ýylda 13 müň 384 amerikan dollary bilen 69-njy ýere geçer diýlip çaklanylýar. Gaznanyň oktýabr hasabatynda ýurduň adam başyna düşýän JIÖ-niň 2024-nji ýylda 15 müň 368, 2025-nji ýylda 15 müň 899 amerikan dollara çenli artyp, dünýäniň girdeji sanawynyň 67-nji basgançagyna göteriljekdigi aýdylýar. Muňa garamazdan, 2026-njy ýylda 16 müň 317, 2027-nji ýylda 16 müň 832 we 2028-nji ýylda 17 müň 333 amerikan dollary bilen 1 orun peselip, adam başyna düşýän JIÖ boýunça dünýän

Türkmenistanyň ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm jähetleri

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). (Russiýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň mysalynda)

Durnukly ösüşiň innowasion ugry

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürip, sanly ykdysadyýeti kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Sanlylaşdyrmak milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze döwürdir. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli ugurlarynda maksatnamalaýyn işler yzygiderli amala aşyrylýar. Häzirki wagtda sanly ulgama geçmek her bir pudak üçin zerur bolup, ol umumy ösüşiň esasy şertine öwrüldi. Ýurdumyzda önümçilige innowasion işläp taýýarlamalar giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda düýpli ösüşleriň gazanylmagyna giň şertleri döredýär. Sanly ulgam hojalyk hem-de dolandyryş işlerini kämilleşdirmekde has ähmiýetli bolup, ykdysadyýetiň gülläp ösmegine, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şeýlelikde, döwrüň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalarynyň durmuşymyza işjeň ornaşdyrylmagynyň netijesinde işewür hyzmatdaşlygyň gerimi has giňeýär. Bu bolsa dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna deňleşmäge mümkinçilik berýär. Muny biz durmuşymyzyň ähli ugurlaryna, şol sanda milli ykdysadyýetimize sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýan häzirki döwründe eýe bolunýan üstünlikleriň mysalynda görýäris. Döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryna innowasiýalaryň doly ornaşmagy, sanly ulgama geçilmegi bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha pugtalanyp,

Beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär, durmuş-ykdysady ösüşler gazanylýar. Ähli pudaklarda döwrebap işler alnyp barylýar we belent üstünliklere eýe bolunýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagy hem milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Tebigy gazyň ägirt uly gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyzda nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär. Ynha, şu ýylyň 25 — 27-nji oktýabrynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahaty we sergi geçirildi. Foruma daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara maliýe düzümleriniň köp sanly wekilleri, ýurdumyzyň hem-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine giň ugurlar — baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, energetika bazarlaryny, maýa goýum işlerini ösdürmek, täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, nebithimiýa, gazhimiýa, himiýa pudaklary we elektroenergetika, ekologik taýdan zyýansyz önümçilikleri ornaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary çekmek ýaly möhüm meseleler girizildi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşi önümçilige innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen berk baglydyr. Şunda ylym, tehnika we tehnol

Belent maksatlar rowaçlanýar

Täze taryhy döwürde eziz Diýarymyzda beýik işler durmuşa geçirilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini Arkadagly Gahryman Serdarymyz mynasyp dowam edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan ösüşiň batly gadamlary bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biri — milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, bazar özgertmelerini mundan beýläk hem ilerletmek, ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak bolup durýar. Bu ugurda geljegi nazarlaýan döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilip, täze iş orunlaryny döretmek, innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli çäreler yzygiderli amala aşyrylýar». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, innowasion tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenýär. Mälim bolşy ýaly, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini, ykdysadyýetimizi has-da ösdürmekde guwandyryjy işleriň alnyp barylýandygyny aýdyň beýan edýär. Elbetde, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri hem hünärmenleriň taýýarlygydyr. Sanly ykdysadyýetiň hünärmen we ylym-bilim üpjünçiligini ösdürmek, tehnologik başlangyç

Ählumumy energiýanyň geljegi Aşgabatda geçirilen halkara forumyň çäklerinde giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy

25 — 27-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahat we sergi geçirildi. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023»

25-nji oktýabrda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guralan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Dünýä döwletleriniň we halkara guramalarynyň, iri kompaniýalaryň, firmalaryň, banklaryň wekilleri bilen bir hatarda foruma daşary ýurtlardan 45-den gowrak wekil gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagynda bu halkara forumyň dünýä derejeli ähmiýeti aýdyň açylyp görkezildi. Türkmen topragynyň tebigy nebit we gaz gory özara bähbitli hyzmatdaşlygyň altyn açarydyr.

Ýangyç–energetika toplumynda döwrebaplyk

Şu ýylyň 25-nji oktýabrynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahat we sergi açyldy. Munuň özi ýurdumyzyň energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen forumdyr. Onuň işine daşary ýurtlaryň 45-den gowragyndan wekiller gatnaşdy. Daşary ýurt kompaniýalarynyň, iri halkara guramalaryň, banklaryň birnäçe wekilleri bolsa sanly ulgam arkaly goşuldylar. Umuman, ýangyç-energetika toplumynda halkara, sebit we milli derejede senagatyň geljekki strategiýasyny kemala getirmäge bagyşlanan dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ulgamda marketing strategiýalary baradaky seljeriş-syn maglumatlary bilen tanyşdyrýan forumda dünýäniň bilermenleri ýangyç-energetika toplumynyň ählumumy meýillerini maslahatlaşdylar. Başgaça aýtsak, halkara forum dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, döwrebap tehnologiýalary işjeň çekmegiň tejribesi, hyzmatlary amala aşyrmagyň ýollaryny we ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň usullary bilen tanyşdyrmaga ajaýyp mümkinçilikdir. Galyberse-de, ýene bir hakykaty bellesek, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan tebigy gazy diňe bir eksport etmegiň mümkinçilikleri bilen çäklenmän, ony gaýtadan işlemäge hem uly ähmiýet berýär. Bu ugurda-da ýurdumyz

Dagystan Türkmenbaşydan ugradyljak ilkinji ýük gämisi üçin öz portuny taýýarlaýar

Türkmenistan we Dagystan Türkmenbaşy we Mahaçkala portlarynyň arasynda ilkinji ýük gämisiniň işe girizilmegini işjeň ara alyp maslahatlaşýarlar. Muny «Mahaçkalanyň deňiz söwda porty» paýdarlar jemgyýetiniň çeşmelerine salgylanyp, «Mirmol» sebitara ýaşlar maglumat çeşmesi habar berýär. «Bu ugur 2023-nji ýylyň ahyryna çenli işe giriziler diýlip çaklanylýar. Türkmenistanly hyzmatdaşlardan ilkinji gäminiň görnüşi we ony ýerleşdirmegiň formaty barada maglumat almak üçin garaşýarys, şol esasda biziň üçin zerur ýük bazasy we port infrastrukturasy taýýarlanar» diýip, Mahaçkala portunyň wekilleri belleýärler.

TRAСEKA — «Ýewropa-Kawkaz-Aziýa» halkara ulag geçelgesi

Bitarap Türkmenistan döwletimiz ulagyň ähli görnüşlerini ulanmak arkaly Ýewraziýa yklymynyň iki bölegini birleşdirmek bilen halkara üstaşyr-ulag we logistika merkezine öwrülýär. Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşiginiň goldaýandygynyň, halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzümleriniň ykrarnamalarynyň mysallary, şeýle hem ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň berýän bahasy arkaly göz ýetirmek bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy (ÝYK), BMG-niň Aziýa ─ Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we ýörite komissiýasy (ESKATO), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Halkara awtomobil ulaglary bileleşi (IRU) hem-de Ýewropa ─ Kawkaz ─ Aziýa ulag geçelgesi boýunça (TRASEKA) hökümetara komisiýasy we beýleki abraýly guramalar bilen birlikde guralan maslahatyň ýokary derejesi Türkmenistanyň Merkezi Aziýa üçin Modal ýoluny döretmek hakynda öňe süren başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň bellärliklidir. Bu babatda, 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda: “Demirgazyk – Günorta, Gündogar – Günbatar ugurlary boýunça Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýan üstaşyr ulag we energetika geçelgelerini gurmaga hem işjeň gatnaşýarys. Ýakyn onýyllyklarda Türkmenistan Ýewraziýada ulag we energetika ulgamla

Nebitgaz pudagynyň batly gadamlary

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahaty we sergisi dowam edýar Düýn paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik gulluklaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, nebitgaz ulgamynyň işewür düzümleriniň, maliýe institutlarynyň hünärmenleri, bu ulgamda işleýän kompaniýalaryň esasy bilermenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar we beýlekiler gatnaşdylar.

Ösüş-özgerişleriň möhüm guraly

1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmegi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň berkarar bolmagynda uly ädim boldy. Şu geçen 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ileri tutulýan maliýe-pul syýasatynyň rowaçlanmagynda milli manadymyzyň üstüne düşýän möhüm wezipe abraý bilen berjaý edilýär. Ine, bu barada biz Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň ykdysady seljeriş we jemleýiş bölüminiň başlygy Nowruzbaý Bebidow bilen söhbetdeş bolduk: — Söhbedimiziň başynda milli pulumyzyň geçen ýoluna bank işgäriniň nukdaý nazaryndan gysgaça göz aýlaýsak kem bolmazdy…

Iliň alkyşy — ruhy ganat

Täze döwür, täze ykdysady gatnaşyklar ilimize eşret, döwletimize kuwwat getirýär. Welaýatymyzyň çäginde aýratyn-da oba hojalyk işlerinde, maldarçylykda, azyklyk önümleriň önümçiliginde öz hususy işlerini üstünlikli ýöredýän ildeşlerimiziň sany has artýar. Olaryň biri hem Hojambaz etrabynyň Beşir şäherçesiniň ýaşaýjysy Agaly Hudaýberdiýewdir. — «Döwlet güzer etse, tapar ýoluny» diýip, ata-babalarymyz aýdypdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen telekeçilik işi giňden ýaýbaňlandyryldy. Geçen ýyllarda ýola goýlan hususy önümçilikler daşary ýurtlaryňkydan hili boýunça pes bolmadyk önümleri bilen bazarlary üpjün edýär — diýip, telekeçi Agaly Hudaýberdiýew öz hususy işini ýola goýşuny ýatlaýar. — Biz 11 dogan. Kärendeçimizem bar, telekeçimizem. Durmuş, iş tejribelerimiz ýeterli. Şonuň üçin ilki bilen doganlarym we maşgalam bilen maslahatlaşdym. Maldarçylyk önümlerini öndürmegi ýüregime düwendigimi aýtdym.

Uzynada baýlyk eçilýär

Balkanabat şäherinden 80 kilometre golaý uzaklykda ýerleşýän Uzynada meýdançasyny senagat taýdan özleşdirmek işleriniň taryhyna ser salsak, onda ilkinji synanyşygyň geçen asyryň 70-nji ýyllaryna degişlidigini bellemek gerek. Şonda tebigy ojakda ilkinji geologiýa gözleg-barlag guýusy 4213 metr çuňluga çenli gazylyp, uglewodorod doýgunly gatlaklar ýüze çykarylmandygy sebäpli işler togtadylypdyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde alymlarymyzyň we geologlarymyzyň agzybirlikli zähmetleri netijesinde tebigy ojak bilen bagly oňyn görkezijiler toplanylýar hem-de meýdançany özleşdirmek işlerine täzeden girişilýär. Netijede, 2015-nji ýylda Uzynada meýdançasynda taslama çuňlugy 7150 metr bolan 7-nji gözleg-barlag guýusynyň gazuw işleri badalga alýar. 2017-nji ýylda gazuw işleri üstünlikli tamamlanan bu guýy 6689 — 6695 metr aralykdan uglewodorod çig malynyň ýokary akymyny berýär. Sebitde iň çuň guýy hasaplanylýan bu gözleg-barlag guýusyndan alnan oňyn önümçilik görkezijileriniň üstüni soňra söhbedi edilýän meýdançada burawlanan 17-nji hem-de 1-nji guýularyň gazuw işleriniň netijeleri ýetirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýylyň ýanwarynda Uzynada gelip, bu ýerde alnyp barylýan sazlaşykly işler bilen ýakyndan tanyşmagy tebigy ojakda göreldeli zähmetiň nusgasyny görkezýän baýlyk gözleýjileri täze üstünliklere ruhlandyrdy. Munuň şeýledigini şondan bäri geçen döwür için

Ykdysady ösüşleriň ýoly bilen

Döwrebap tehnologiýalar hereketde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ykdysadyýetimiziň elektroenergetika pudagyny çalt depginlerde ösdürmek rowaç alýar. Pudagyň önümçilik kuwwaty häzirki zaman tehnologiýalarynyň hasabyna döwrebaplaşdyrylýar. Arassa energiýa çeşmesi bolan elektrik energiýasynyň öndürilişi düýpli ýokarlandy. Elektrik energiýasy bilen diňe bir içerki sarp edijileriň ýylsaýyn ösýän islegini doly kanagatlandyrmakdan başga-da, türkmen energiýasyny daşary ýurtlara eksport etmegiň giň mümkinçiliklerine ýol açyldy.