Iliň alkyşy — ruhy ganat

25 Oktýabr 2023
567

Täze döwür, täze ykdysady gatnaşyklar ilimize eşret, döwletimize kuwwat getirýär. Welaýatymyzyň çäginde aýratyn-da oba hojalyk işlerinde, maldarçylykda, azyklyk önümleriň önümçiliginde öz hususy işlerini üstünlikli ýöredýän ildeşlerimiziň sany has artýar. Olaryň biri hem Hojambaz etrabynyň Beşir şäherçesiniň ýaşaýjysy Agaly Hudaýberdiýewdir.

— «Döwlet güzer etse, tapar ýoluny» diýip, ata-babalarymyz aýdypdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen telekeçilik işi giňden ýaýbaňlandyryldy. Geçen ýyllarda ýola goýlan hususy önümçilikler daşary ýurtlaryňkydan hili boýunça pes bolmadyk önümleri bilen bazarlary üpjün edýär — diýip, telekeçi Agaly Hudaýberdiýew öz hususy işini ýola goýşuny ýatlaýar. — Biz 11 dogan. Kärendeçimizem bar, telekeçimizem. Durmuş, iş tejribelerimiz ýeterli. Şonuň üçin ilki bilen doganlarym we maşgalam bilen maslahatlaşdym. Maldarçylyk önümlerini öndürmegi ýüregime düwendigimi aýtdym.

Ilmyrat BERDIÝEW.