Türkiýäniň ykdysady kuwwaty

29 Oktýabr 2023
405

Iki yklymyň çatrygynda ýerleşýän Türkiýe Respublikasy dünýäniň ösen ykdysadyýetli ýurtlarynyň arasynda öňdäki orny eýeleýär. Oba hojalykdyr dokma önümleriniň, awtoulag serişdeleriniň, gurluşyk, öý-hojalyk harytlarynyň, tehnikalaryň önümçiligi we eksporty boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna girýär. Türkiýäniň Statistika institutynyň hasabatyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde ýurduň ykdysadyýeti 3,8 göterim ýokarlanyp, dünýäniň iň ýokary çärýekleýin ösüşi hökmünde hasaba alyndy. Şeýle-de ýurduň jemi içerki önümi (JIÖ) 1 trillion 154 million amerikan dollaryna barabar boldy.

Halkara Pul Gaznasynyň çaklamalaryna görä, Türkiýe Respublikasynyň 2023-nji ýylda dünýä ýurtlarynyň arasynda milli girdejisi boýunça 2 basgançak ýokarlanyp, 17-nji orna geçmegine garaşylýar. 2022-nji ýylda 10 müň 622 amerikan dollary möçberinde adam başyna düşýän jemi içerki önümi bilen 78-nji ýeri eýelän Türkiýe 2023-nji ýylda 13 müň 384 amerikan dollary bilen 69-njy ýere geçer diýlip çaklanylýar. Gaznanyň oktýabr hasabatynda ýurduň adam başyna düşýän JIÖ-niň 2024-nji ýylda 15 müň 368, 2025-nji ýylda 15 müň 899 amerikan dollara çenli artyp, dünýäniň girdeji sanawynyň 67-nji basgançagyna göteriljekdigi aýdylýar. Muňa garamazdan, 2026-njy ýylda 16 müň 317, 2027-nji ýylda 16 müň 832 we 2028-nji ýylda 17 müň 333 amerikan dollary bilen 1 orun peselip, adam başyna düşýän JIÖ boýunça dünýäniň 68-nji döwleti bolmagyna garaşylýar. Şeýlelikde, Türkiýe Respublikasy ýakyn 5 ýylda adam başyna düşýän milli girdejisini ep-esli ýokarlandyrsa-da, 2013-nji ýyldaky 65-nji ýerine dolanyp bilmez.

Internet maglumatlary esasynda sahypany taýýarlan:
Jahantäç ÖWEZOWA, TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby, «Biznes reklama».