Belent maksatlar rowaçlanýar

29 Oktýabr 2023
563

Täze taryhy döwürde eziz Diýarymyzda beýik işler durmuşa geçirilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini Arkadagly Gahryman Serdarymyz mynasyp dowam edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan ösüşiň batly gadamlary bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biri — milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, bazar özgertmelerini mundan beýläk hem ilerletmek, ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak bolup durýar. Bu ugurda geljegi nazarlaýan döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilip, täze iş orunlaryny döretmek, innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli çäreler yzygiderli amala aşyrylýar». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, innowasion tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenýär.

Mälim bolşy ýaly, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini, ykdysadyýetimizi has-da ösdürmekde guwandyryjy işleriň alnyp barylýandygyny aýdyň beýan edýär. Elbetde, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri hem hünärmenleriň taýýarlygydyr. Sanly ykdysadyýetiň hünärmen we ylym-bilim üpjünçiligini ösdürmek, tehnologik başlangyçlary we ylmy çözgütleri emele getirmäge şertleri döretmek, maglumat üpjünçilik ulgamyny döretmek ýaly wezipeler hem esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenýär. Ýokary okuw mekdeplerinde ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlamakda möhüm işler alnyp barylýar, bu ugurda döwrebap bilimler özleşdirilýär. Ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlar öňdebaryjy tehnologiýalary ulanyp, dünýäniň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryny ornaşdyryp, täze şertlerde işlemäge ukyply hünärmenler bolup ýetişýärler. Bu gün sanly ykdysadyýet boýunça toplanan dünýä tejribesiniň ylmy taýdan öwrenilmegi ösüşiň sanly ugurlaryny özleşdirmäge we ony ösdürmäge ýardam berýär. Şonuň üçin döwletimiz bu ugurda kabul edilen kadalaşdyryjy-hukuk namalarda we maksatnamalarda daşary ýurt tejribesini nazara alyp, anyk wezipeleri öňde goýýar. Bu bolsa sanly ulgamy ösdürmekde netijeliligi hem-de toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär.

Ýulduz NURGELDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.