Ýangyç–energetika toplumynda döwrebaplyk

26 Oktýabr 2023
327

Şu ýylyň 25-nji oktýabrynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahat we sergi açyldy. Munuň özi ýurdumyzyň energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen forumdyr. Onuň işine daşary ýurtlaryň 45-den gowragyndan wekiller gatnaşdy. Daşary ýurt kompaniýalarynyň, iri halkara guramalaryň, banklaryň birnäçe wekilleri bolsa sanly ulgam arkaly goşuldylar. Umuman, ýangyç-energetika toplumynda halkara, sebit we milli derejede senagatyň geljekki strategiýasyny kemala getirmäge bagyşlanan dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ulgamda marketing strategiýalary baradaky seljeriş-syn maglumatlary bilen tanyşdyrýan forumda dünýäniň bilermenleri ýangyç-energetika toplumynyň ählumumy meýillerini maslahatlaşdylar. Başgaça aýtsak, halkara forum dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, döwrebap tehnologiýalary işjeň çekmegiň tejribesi, hyzmatlary amala aşyrmagyň ýollaryny we ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň usullary bilen tanyşdyrmaga ajaýyp mümkinçilikdir. Galyberse-de, ýene bir hakykaty bellesek, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan tebigy gazy diňe bir eksport etmegiň mümkinçilikleri bilen çäklenmän, ony gaýtadan işlemäge hem uly ähmiýet berýär. Bu ugurda-da ýurdumyz özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin açykdyr.

Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda eksponentleriň 70-e golaýy, şolaryň hatarynda daşary ýurt kompaniýalarynyň 40-a golaýy, hususan-da, Azerbaýjan Respublikasyndan, Beýik Britaniýadan, Daniýadan, Italiýadan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Russiýa Federasiýasyndan, Singapurdan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Türkiýe Respublikasyndan, Fransiýadan, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan wekiller diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Bu ýerde uglewodorod çig malyny gözläp tapmak, çykarmak, ibermek we saklamak ulgamyny üpjün etmek, çuň burawlamak, ozalky hereket edýän turba geçirijileri döwrebaplaşdyrmak, olaryň täzelerini gurmak, nebiti hem-de gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak, guýularyň öndürijiligini ýokarlandyrmak babatda hyzmatlaryň giň toplumy görkezilýär.

Süleýman DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Maglumatlar merkeziniň müdiri.