Göz üçin maşklar

29 Iýul 2023
540

Häzirki wagtda kompýuterler we el telefonlarydyr planşetleri durmuşymyza ymykly ornaşdy. Munuň birnäçe oňyn taraplarynyň bolmagy bilen birlikde, biraz gözlere agram düşmegine-de sebäp bolýandygy düşnüklidir. Dowamly hat ýazylanda, kitap okalanda ýa-da el işleri edilende, ýagny haly dokalanda, keşde gaýalanda hem gözlere belli bir derejede agram düşýär. Şol sebäpli, şunuň ýaly ýagdaýlarda, gözleriň saglygyny goramaga jogapkärçilikli çemeleşmeli. Gözüň saglygy üçin peýdaly iýmitleri iýmäge ýykgyn etmeli, gözüň ýadawlygyny aýyrýan, görşüni ýitileşdirýän maşklary ýerine ýetirmeli.

Geliň, gözüň saglygyny goramaga degişli käbir maşklaryň ýerine ýetirilişi bilen tanşalyň.

Annagurban ÖWEZOW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň Göz keselleri ylmy-kliniki merkeziniň kiçi ylmy işgäri.