«Türkmenistanda öndürilen» — bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň nyşany

29 Oktýabr 2023
279

Ýurdumyzda haryt öndürijileriň eksport kuwwatyny artdyrmak, milli önümlerimiziň daşary ýurtlardan getirilýän harytlar bilen bäsdeşlige ukyplylygyny we ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde döwlet we hususy eýeçiligindäki döwrebap kärhanalarda öndürilýän ýokary hilli önümler diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly islegden peýdalanýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 20-nji oktýabrynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanda sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary guramak işini 2020 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Strategiýasyna» laýyklykda, «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanyny döretmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmegiň meýilleşdirilýändigi habar berildi. Milli haryt nyşanynyň döredilmegi ýurdumyzyň ýokary hilli harytlary öndürmek we hyzmatlary amala aşyrmak ulgamynda uly mümkinçiliklere eýe bolan döwletdigini dünýä ýüzüne äşgär eder.

Haryt nyşanlary harydyň özüne ýa-da gabyna bellenilip, degişli önümiň aýratynlyklary, gelip çykyşy, hili bilen bagly peýdaly maglumatlary sarp edijilere ýetirmek üçin niýetlenen ýazgy, şertli belgi, şekil görnüşinde bolýar. Şeýle şertli belgiler bu günki gün önümiň aýrylmaz bölegi hasaplanýar. Taryhdaky ilkinji şertli belgiler biziň eýýamymyzdan öňki II müňýyllykda Gadymy Müsürde peýda bolupdyr. Ylmy barlaglaryň netijesinde gadymy müsürlileriň dürli görnüşli içgileri saklamak üçin gaplarydyr küýzeleri olaryň niýetlenilişine görä, tapawutly şertli belgiler bilen belgiländikleri ýüze çykaryldy. Olaryň käbirinde gabyň eýesiniň ady we içginiň öndürilen wagty, ýeri, tagamy baradaky maglumatlar hem görkezilipdir.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».