TRAСEKA — «Ýewropa-Kawkaz-Aziýa» halkara ulag geçelgesi

26 Oktýabr 2023
354

Bitarap Türkmenistan döwletimiz ulagyň ähli görnüşlerini ulanmak arkaly Ýewraziýa yklymynyň iki bölegini birleşdirmek bilen halkara üstaşyr-ulag we logistika merkezine öwrülýär. Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşiginiň goldaýandygynyň, halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzümleriniň ykrarnamalarynyň mysallary, şeýle hem ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň berýän bahasy arkaly göz ýetirmek bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy (ÝYK), BMG-niň Aziýa ─ Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we ýörite komissiýasy (ESKATO), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Halkara awtomobil ulaglary bileleşi (IRU) hem-de Ýewropa ─ Kawkaz ─ Aziýa ulag geçelgesi boýunça (TRASEKA) hökümetara komisiýasy we beýleki abraýly guramalar bilen birlikde guralan maslahatyň ýokary derejesi Türkmenistanyň Merkezi Aziýa üçin Modal ýoluny döretmek hakynda öňe süren başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň bellärliklidir.

Bu babatda, 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda: “Demirgazyk – Günorta, Gündogar – Günbatar ugurlary boýunça Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýan üstaşyr ulag we energetika geçelgelerini gurmaga hem işjeň gatnaşýarys. Ýakyn onýyllyklarda Türkmenistan Ýewraziýada ulag we energetika ulgamlarynyň geçýän esasy ýurtlarynyň birine öwrüler.” diýip belleýar.