Durnukly ösüşiň innowasion ugry

29 Oktýabr 2023
407

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürip, sanly ykdysadyýeti kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Sanlylaşdyrmak milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze döwürdir. Bu babatda hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli ugurlarynda maksatnamalaýyn işler yzygiderli amala aşyrylýar. Häzirki wagtda sanly ulgama geçmek her bir pudak üçin zerur bolup, ol umumy ösüşiň esasy şertine öwrüldi. Ýurdumyzda önümçilige innowasion işläp taýýarlamalar giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda düýpli ösüşleriň gazanylmagyna giň şertleri döredýär. Sanly ulgam hojalyk hem-de dolandyryş işlerini kämilleşdirmekde has ähmiýetli bolup, ykdysadyýetiň gülläp ösmegine, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şeýlelikde, döwrüň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalarynyň durmuşymyza işjeň ornaşdyrylmagynyň netijesinde işewür hyzmatdaşlygyň gerimi has giňeýär. Bu bolsa dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna deňleşmäge mümkinçilik berýär. Muny biz durmuşymyzyň ähli ugurlaryna, şol sanda milli ykdysadyýetimize sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýan häzirki döwründe eýe bolunýan üstünlikleriň mysalynda görýäris. Döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryna innowasiýalaryň doly ornaşmagy, sanly ulgama geçilmegi bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha pugtalanyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Bu bolsa döwrüň esasy talabydyr, biziň her birimiziň baş maksadymyzdyr.

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini peýdalanmak, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly pudaklaryň we durmuş hyzmaty ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegini gazanmak, milli hünärmenlerimize, dünýä tejribesine daýanyp, Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, senagat ulgamyny innowasion esasda ösdürmek, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek ýaly ugurlar bilim ulgamynyň döwrebaplygy, ylmyň, innowasiýalaryň, sanly tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen pugta baglanyşykly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan bu maksatlar halkymyzyň abadan durmuşynyň, röwşen geljeginiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Mämmet Annaýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.