Özbegistan ýylyň başyndan bäri 2,3 milliard dollardan gowrak dokma önümlerini eksport etdi

29 Oktýabr 2023
321

Ýurduň Statistika gullugynyň habar bermegine görä, şu ýylyň başyndan bäri, Özbegistan dokma eksportyndan 2,3 milliard amerikan dollaryndan gowrak girdeji gazandy.

Berlen maglumatlara görä, 2023-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Özbegistan 58 ýurda 582 görnüşli dokma önümlerini eksport etdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurduň eksport görkezijisi 3,3 göterim azaldy. Eksport önümleriniň düzüminde esasy paýy dokma önümleridir ýüplük tutýar. Şeýle hem trikotaž fabrik matalary, joraplary agzamak bolar.

Hezretmyrat DURDYÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.