Önümçilik depgini ýokarlanýar

29 Oktýabr 2023
258

Berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dokma senagatynda täze-täze üstünlikler gazanylýar. Şeýle kärhanalaryň biri-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Bäherden etrabyndaky Ýüplük fabrigidir. Ol ýurdumyzyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolmak bilen, bu ýerde öndürilýän 27/1, şeýle-de 34/1 belgili nah ýüplükler dünýä bazarynda hem islegli önümlerdir. Kärhananyň şu ýylyň dokuz aýynda önümçilik görkezijileriniň ýokary bolmagy hem bäsdeşlige ukyply dokma önümleriniň hyrydarlarynyň ýetikdigi bilen baglanyşyklydyr.

2023-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda kärhanada 74 million 260 müň manatlykdan gowrak iş edilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürmekde 105 göterim ösüş gazanyldy. Kärhananyň önümleriniň esasy böleginiň Russiýa, Hytaý, Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan ýaly ýurtlara yzygiderli eksport edilmegi hem guwandyryjy ýagdaýdyr.

«Biznes reklama».