Uzynada baýlyk eçilýär

25 Oktýabr 2023
419

Balkanabat şäherinden 80 kilometre golaý uzaklykda ýerleşýän Uzynada meýdançasyny senagat taýdan özleşdirmek işleriniň taryhyna ser salsak, onda ilkinji synanyşygyň geçen asyryň 70-nji ýyllaryna degişlidigini bellemek gerek. Şonda tebigy ojakda ilkinji geologiýa gözleg-barlag guýusy 4213 metr çuňluga çenli gazylyp, uglewodorod doýgunly gatlaklar ýüze çykarylmandygy sebäpli işler togtadylypdyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde alymlarymyzyň we geologlarymyzyň agzybirlikli zähmetleri netijesinde tebigy ojak bilen bagly oňyn görkezijiler toplanylýar hem-de meýdançany özleşdirmek işlerine täzeden girişilýär. Netijede, 2015-nji ýylda Uzynada meýdançasynda taslama çuňlugy 7150 metr bolan 7-nji gözleg-barlag guýusynyň gazuw işleri badalga alýar. 2017-nji ýylda gazuw işleri üstünlikli tamamlanan bu guýy 6689 — 6695 metr aralykdan uglewodorod çig malynyň ýokary akymyny berýär. Sebitde iň çuň guýy hasaplanylýan bu gözleg-barlag guýusyndan alnan oňyn önümçilik görkezijileriniň üstüni soňra söhbedi edilýän meýdançada burawlanan 17-nji hem-de 1-nji guýularyň gazuw işleriniň netijeleri ýetirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýylyň ýanwarynda Uzynada gelip, bu ýerde alnyp barylýan sazlaşykly işler bilen ýakyndan tanyşmagy tebigy ojakda göreldeli zähmetiň nusgasyny görkezýän baýlyk gözleýjileri täze üstünliklere ruhlandyrdy. Munuň şeýledigini şondan bäri geçen döwür içinde tebigy ojagyň ýerasty önümli gatlaklaryny senagat taýdan özleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolan burawlaýyş işleriniň oňyn netijeleri doly görkezýär. Bilşimiz ýaly, golaýda Uzynada meýdançasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny mynasyp iş netijelerine besleýän «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri 11-nji gözleg guýusynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Bu gözleg guýusy önümçilik taýdan synag edilende, aşaky gyzyl reňkli gatlaklardan uglewodorod çig malynyň akymy alyndy.

Nury MÄMMEDOW.