Beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär

29 Oktýabr 2023
610

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär, durmuş-ykdysady ösüşler gazanylýar. Ähli pudaklarda döwrebap işler alnyp barylýar we belent üstünliklere eýe bolunýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagy hem milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Tebigy gazyň ägirt uly gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyzda nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär. Ynha, şu ýylyň 25 — 27-nji oktýabrynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahaty we sergi geçirildi. Foruma daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara maliýe düzümleriniň köp sanly wekilleri, ýurdumyzyň hem-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine giň ugurlar — baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, energetika bazarlaryny, maýa goýum işlerini ösdürmek, täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, nebithimiýa, gazhimiýa, himiýa pudaklary we elektroenergetika, ekologik taýdan zyýansyz önümçilikleri ornaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary çekmek ýaly möhüm meseleler girizildi.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşi önümçilige innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen berk baglydyr. Şunda ylym, tehnika we tehnologiýalar önümiň hilini we bäsleşige ukyply bolmagyny, zähmet öndürijiligini, önümçiligiň umumy netijeliligini ýokarlandyrmaga, zähmet şertlerini gowulandyrmaga ýardam edýändigini aýratyn bellemek gerek. Şunuň bilen baglanyşykly nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek, pudagyň önümçilik we serişde kuwwatyny berkitmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ylmy-barlag işlerini döwrüň talabyna laýyk guramak boýunça netijeli işler amala aşyrylýar.

Ogulgerek BERDIMYRADOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň nebit we gaz ojaklaryny özleşdirmek kafedrasynyň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty.