Kaka dokma toplumy uly kuwwata eýe

29 Oktýabr 2023
299

Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma senagatynda 70-den gowrak kärhana işleýär. Şolaryň biri hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda açylyp ulanylmaga berlen Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky dokma toplumydyr. Meşhur daşary ýurt önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen täze, döwrebap dokma toplum kuwwatly önümçilik üçin niýetlenendir. Has takygy, toplumyň egirme bölüminde ýylda 5 müň tonna pagta süýümi gaýtadan işlenip, 3 müň 650 tonna inçe daralan kompakt nah we garyşyk ýüplükleri öndürilýär. Bu bölümde Şweýsariýanyň «Rieter» we Ýaponiýanyň «Murata» kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli innowasion enjamlary ornaşdyrylandyr.

«Biznes reklama».