"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Milli gymmatlyga sarpa

Halkymyzyň medeni mirasyny gorap saklamak, ony wagyz etmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet ähmiýetli möhüm işleriniň biridir. Bu babatda türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk işiniň has-da ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, ýurdumyzda ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellenilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň dabaralara beslenen gününde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we welaýatlarda merkezleri açyldy. Şu mynasybetli welaýat häkimliginde hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata il sylagly ýaşulular, mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, bilim işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda, ilki bilen, welaýatymyzyň häkimi Nazarmyrat Nazarmyradow hoşallyk sözleri bilen çykyş etdi.

Täzelikler, habarlar

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRELERIWelaýat köpugurly hassahananyň mejlisler zalynda welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň, welaýat Polisiýa müdirliginiň, Daşoguz şäher polisiýa bölüminiň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, saglyk ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde welaýat Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň uly gözegçileri Tawus Ýagmyrowa, Selbi Saparnazarowa, saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Jennet Hallyýewa, Daşoguz şäher polisiýa bölüminiň ýol gözegçilik bölüminiň uly gözegçisi Akmyrat Mosanow dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda halkymyzyň köp ýyllaryň dowamynda gazanan özboluşly ruhy-ahlak gymmatlyklary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Pederlerimizi bu ajaýyp ýörelgelerine eýerilip, ajaýyp zamanamyzda geljegimiz bolan ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, sagdyn, Watana wepaly, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent bolup ýetişmekleri barada alnyp barylýan işler, ýaş nesilleri Watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmakda Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi barada nygtadylar. Soňra halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy, ýurdumyzyň abraýynyň has-da beýgelmegi ugrunda belent tutumlary durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.Mämmet

Zehinliler ýüze çykaryldy

Golaýda welaýat Medeniýet müdirliginiň garamagyndaky çagalar sungat mekdepleriniň 5-nji we 7-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Solfedjio we saz nazaryýeti», «Daşary ýurt saz edebiýaty», «Türkmen saz edebiýaty», «Türkmen milli ýerine ýetirijilik sungatynyň taryhy» derslerinden «Arkadagly ýurdumyzda saz sungatyň dilde dessan, zehinleriň şat saýraýar, ajap ýurdum Türkmenistan!» ady bilen yglan edilen olimpiadanyň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan zehinli okuwçylar gatnaşdylar. Olimpiada çekeleşikli hem-de täsirli geçdi. Sungata höwesli ýaş zehinleriň ýüze çykmagyna itergi berýän bu bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň netijesine görä, «Solfedjio we saz nazaryýeti» dersi boýunça 5-nji synp okuwçylaryň arasynda 1-2-3-nji orunlara, degişlilikde, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky, welaýat, Köneürgenç etrabyndaky çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary Hajynur Jumadurdyýewa, Humaý Hallyýewa, Aknur Taganowa, 7-nji synp okuwçylaryň arasynda 1-2-3-nji orunlara, degişlilikde, welaýat, Daşoguz şäherindäki 2-nji, Gurbansoltan eje adyndaky etrapdaky çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary Azada Dilşodowa, Sähra Annagurbanowa, Maksat Durdymyradow dagy mynasyp boldular. «Daşary ýurt saz edebiýaty», «Türkmen saz edebiýaty», «Türkmen milli ýerine ýetirijilik sungatynyň taryhy» atly dersler boýunça 5-nji synp okuwçylaryň arasynda 1-2-3-nji orunlary, degişlilikde, S.A.Nyýa

Bize ýazýarlar

HALKYMYZYŇ BUÝSANJYTürkmen halky gadymy döwürlerden bäri alabaý itleri bilen ýakyndan gatnaşyk saklap gelipdir. Biziň ata-babalarymyz özleriniň itlerinde eýesine bolan wepadarlyk we gaýduwsyzlyk ýaly häsiýetleri terbiýelemegi başarypdyrlar. Häzirki wagtda hem halkymyz alabaý itlerine gyzyklanyp, olar bilen ýakyndan gatnaşyk saklaýarlar. Bu gyzyklanma diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň ähli halklarynda giňden ýaýbaňlanýar. Alabaýlar türkmen halkynyň milli baýlyklarynyň biri hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alabaý itlerine örän uly üns berilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň alabaý itleri barada ýazan «Türkmen alabaýy» atly kitaby sözüň doly manysynda şaýatlyk edýär. Bu kitap birnäçe dillere terjime edildi. Munuň özi türkmeniň alabaý itlerine bütin dünýäde uly baha berilýändigini subut edýär. Hormatly Prezidentimiziň bu kitaby türkmen alabaýlaryny has-da çuňňur öwrenmekde uly gollanma bolup durýar. Çünki onda alabaýlaryň tohumynyň kemala gelşi, olaryň ösüşi barada uly ähmiýete eýe bolan birnäçe ylmy maglumatlar berilýär.

Kinologlaryň we gulluk itleriniň bäsleşigi

Golaýda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralaryň kinolog hünärmenleriniň we gulluk itleriniň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde serhetçi kinologlarymyz baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. Watanymyzyň goragyna saldamly goşant goşýan kinologlaryň, alabaý we ýörite itleriň arasynda şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi olaryň ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrýar. Şonuň üçin hem, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň kinologlarynyň arasynda hünär kämilleşdiriş çäreleri we bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Gurban HANGELDIÝEW,maýor.

«Bedewler biziň bagtymyzyň badalgasy»

«Lapykeç bolup, kellesi agyryp, bedeni bogun-bogun söküldi, saglygyny ýitirip başlady. Ýüregi gysyp, janyna jaý tapmady, dünýä sygmady. Onuň derdini dep etjek bolup edilen emler hem peýda bermedi. Dünýäde bedewe söýgüden näsaglanylýandygy heniz olaryň tejribesinde ýokdy. Jennet şonda bedewleri görmekden başga hiç zady islemedi. Ony gyzykdyryp, dünýä öňki yhlasyny gaýtaryp bilýän güýç ýokdy. Ýöne ataň-eneň ýüzüne gelmek hem akylyna sygmaýardy. Daşynda pelesaň urýan mähribanlaryna gyz bu ýagdaýy doly aýdyp biljekmi?! ...Jennetiň düşen gününi eşidip, nähilidir bir ýol bilen gyzyň kakasyna düşündirmeli diýen karara geldim. Ýöne gyzyň kakasyna muny nähili ýagdaýda düşündirmeli, öňdäki wezipe hem şondady. Perzendiň, onda-da gyz maşgalanyň geljegi barada ata-enä daşyndan özge biriniň baryp maslahat bermeginiň nähili kabul ediljekdigi belli däldi. Ýöne ahyrynda gyzyň ykbaly şuny talap edýärdi. Hawa, türkmençilikde iňňän paýhaslylyk bilen ylalaşyk gazanylmagyna töwella diýilýär.

Möhüm mesele

Ýolöten etrap kazyýetiniň mejlisler zalynda maşgala gatnaşyklarynyň berkligini we durnuklylygyny pugtalandyrmak, nikanyň bozulmagynyň öňüni almak boýunça etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýerli geňeşlikleriň bilelikde guramagynda kazyýete nika bozmak barada ýüz tutan raýatlaryň ene-atalarynyň gatnaşmaklarynda ýygnak geçirildi. Ýygnakda welaýat kazyýetiniň şikaýatlar we arzalar bölüminiň müdiri Jora Durdalyýew, welaýat kazyýetiniň şikaýatlar we arzalar bölüminiň maslahatçysy Suhan Jepbarow, Ýolöten etrap kazyýetiniň kazysy Gülşirin Ilamanowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bölüm müdiri Jennet Orazowa, etrabyň ýaşaýjysy, hormatly ýaşuly Seýitmuhammet Isakow çykyş etdiler. Çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri, ýurdumyzda alnyp barylýan kanunçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek hakynda, şeýle-de, nika mukaddesligine hormat goýmak, «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatyň iş ýüzünde doly amala aşyrylyp, ýurdumyzda her bir maşgala, her bir adam hakynda alada edilýändigi barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Ätiýaçlandyryş siziň ynamdar wekiliňizdir

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze, has oňaýly nusgasy kemala gelýär. Ähli pudaklaryň durnukly we sazlaşykly ösüşi üpjün edilýär. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, bazar gatnaşyklaryna geçmekde ätiýaçlandyryş ähli hojalyk işleriniň möhüm guraly bolup durýar. Bazar ykdysadyýetine geçilmegi bilen ätiýaçlandyryş edara görnüşli we şahsy taraplary maliýe, durmuş we beýleki ýagdaýlardan dürli görnüşli tebigy betbagtçylyklardan we betbagtçylykly hadysalardan goramaga ukyply serişdeleriň birine öwrülýär. Ätiýaçlandyryş ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň netijeli usullaryny üpjün edýän uzak möhletli içerki maýa goýumlarynyň artmagynyň, şeýle hem, ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynyň mundan beýläk-de ösmeginiň ygtybarly çeşmesi bolup durýar.

Sagdynlygyň gözbaşy

Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş neslimizi sporta köpçülikleýin çekmek maksady bilen, hormatly Arkadagymyzyň sporty ösdürmekdäki tagallalaryna jogap edip, etrabymyzyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň 1-nji sport mekdebinde uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň çäklerinde ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramazlygynyň öňüni almak üçin mekdebimizde ýygy-ýygydan wagyz-nesihat işlerini geçirip durýarys. Okuw-türgenleşik sapaklaryna gelýän türgenleriň gündelik beden gyzgynyny barlap durýarys. Burun nemlerine oksolin mazyny çalyp, ellerini zyýansyzlandyryş serişde bilen zyýansyzlandyrmagy talaba laýyk ýola goýýarys. Tälimçi mugallymlaryň arasynda aralyk ölçegini saklamalydygyny we elleriňi ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmalydygyny, agyz-burun örtükli gezmelidigini düşündirýäris. Sport mekdebimiziň zallarynda saglyk burçy döredilen. Mekdebimiziň otaglary we pollary zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen günüň dowamynda 2 gezek ýuwlup, gapylaryň tutawaçlarynyň süpürilip durulmagyny gazanýarys. Sport mekdebiniň otaglary we sport zallary howa şertlerine laýyklykda, her iki sagatdan ýelejiredilýär we okuw-türgenleşik sapaklary başlanmazdan öň üzärlik tütedilýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygyny goramakda alyp barýan uly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Howpsuzlyk kadalary derwaýysdyr

Ajap eýýamymyzda tebigy gazyň eşreti halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen oba-şäherleriň gazlaşdyrylmagy ilatyň tebigy gaz bilen üznüksiz üpjünçiligine mümkinçilik berdi. Bilşimiz ýaly, tebigy gazyň eşret kemi ýok. Ýöne ondan howpsuz we tygşytly peýdalanmak zerur meseledir. Munuň üçinem howpsuzlyk düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmeli. Hemişe nygtaýşymyz ýaly degişli gaz hojalyk edarasyndan birugsat täze gaz nokadyny çekmäge ýa-da işläp duranynyň ýerini üýtgetmäge rugsat berilmeýär. Gaz enjamy işläp duran otagyň penjiresiniň fortoçkasy hemişe açyk durmalydyr. Gaz enjamynda näsazlyk ýüze çyksa, haýal etmän gaz hojalyk edarasyndan ussa çagyrmaly. Gazyň çykýan ýerini barlamak üçin açyk otdan peýdalanmak gadagandyr. Bu babatda diňe sabynyň köpürjiginden peýdalanmak maslahat berilýär. Gaz enjamlaryndan peýdalanýanlara ýene bir düzgünem ýatlatmalydyrys. Gaz enjamy ulanyljak bolnanda ilki ody gazyň ýanmaly ýerine eltip, ondan soň krandy açmaly.

Sürüjileriň işi ileri

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny we ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllyk toýuny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamagy maksat edinen «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň hünärmenleridir sürüjileri şu günlerde öndürijilikli zähmet çekýärler. Olar erk edýän awtoulaglaryny saz işletmegiň hasabyna, gündelik iş meýilnamalaryny artygy bilen berjaý edýärler. Muny önümçilik birleşigi boýunça şu ýylyň geçen 3 aýynda gazanylan zähmet üstünligi-de aýdyň görkezýär: halka 8 million 495 müň manatlykdan gowrak hyzmat edilip, meýilnama 115 göterime golaý ýerine ýetirildi. Ýük daşamak tabşyrygy 500 müň tonna deň bolup, meýilnama 104,61 göterim, ýolagçy gatnatmak 6 million 630 müň ýolagça barabar bolup, tabşyryk 105,5 göterim boldy. Häzirki wagtda ýolagçylary bökdençsiz gatnatmak bilen bir hatarda, önümçilik birleşigine degişli ýük göterijiligi 20 tonna bolan kuwwatly «KamAZ — 6520» kysymly ýük awtoulaglarynyň 100-e golaýy gurluşygy güýçli depginde dowam edýän Aşgabat — Türkmenabat aralygyndaky ýokary tizlikli awtobanyň gurluşygynda iş alyp barýarlar.

Hoşallyk maslahaty geçirildi

ÖŇŇIN Änew şäherindäki Medeniýet öýünde welaýat häkimliginiň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde alabaý itleriniň Karantin merkeziniň açylmagy bilen baglanyşykly geçirilen hoşallyk maslahatyna ýaşlar, dili senaly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdy. Goşa senäniň toý dabaralarynyň şatlyk-şowhuna beslenen günlerinde ýurdumyzyň hormatly atlaryna hem-de Şa serpaýyna mynasyp bolan ildeşlerimiz bu dabaraly çäräniň arzyly myhmanlary boldular. Hoşallyk maslahatynda, ilki bilen, Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň ýaşaýjysy, il sylagly ýaşuly Nurýagdy Hommadow çykyş edip, etrabyň gözel künjeginde alabaý itleri üçin Karantin merkeziniň gurulmagynyň hormatly Prezidentimiziň milli gymmatlyklarymyza goýýan çäksiz sarpasyndan nyşandygyny aýtdy hem-de bu desganyň ähmiýeti barada durup geçdi. Onuň aýdyşy ýaly, milli baýlygymyz we buýsanjymyz bolan alabaýlary saklamakda we ösdürmekde, itşynaslygyň toplumlaýyn düzümini kemala getirmekde täze merkeziň ähmiýeti uludyr.

Milli gymmatlyklara sarpa

Gökdepe etrabynyň «Gökdepe» milli muzeýinde «Ahalteke bedewi we türkmen alabaýy gymmatlyklarynyň sarpasy» ady bilen sergi guraldy. Sergide at esbaplaryna uly orun berildi. Ussat zergärleriň bedew atlar üçin deridir gönden taýýarlan maňlaýlyk, ýüzüne bölek-bölek kümüş şaýlary oturdylan göwüsbent, şeýle hem münüş atlar üçin ýasalan eýer, jylaw, üzeňňi, uýan, sözen agajyndan ýasalan gamçy ýaly dürli esbaplar görkezildi. Bedew atlarynyň we alabaý itleriniň nurana şekili siňdirilip ýasalan nakgaşçylyk eserleri sergini synlamaga gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Sergide görkezilen ene-mamalarymyzyň yhlasy bilen taýýarlanan haly önümleri, at köýnekçeleridir eýerlikler, milli nusgalyklar pederlerimiziň bedew atlaryna bolan söýgüsini we yhlasyny beýan edýär. Sergi zalynyň esasy bölüminde Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmen alabaýy» atly kitaplary hem görkezildi. Bu eserler şan-şöhraty älem-jahana dolan behişdi bedewlerimiziň we alabaý itleriniň köpasyrlyk taryhyny açyp görkezmek bilen, häzirki döwürde olara berilýän ünsüň nusgalyk häsiýete eýedigini beýan edýär.

Bedew — halkymyzyň uçar ganaty

Şeýle at bilen Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde dabara geçirildi. Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabarany etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de etrap medeniýet bölümi bilelikde gurady. Dabara gatnaşyjylar medeni ojagyň eýwanynda guralan baýramçylyk sergisi bilen tanyşdylar. Etrap merkezi kitaphanasynyň göçme kitap sergisi, Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň gymmatlyklarynyň sergisi, şeýle-de N.Saryýew adyndaky Çagalar sungat mekdebiniň şekillendiriş işleriniň sergisi uly gyzyklanma döretdi. Sergi gözellikde we ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk behişdi bedewlerimiziň beýanyna öwrüldi.

Çeper elli halyçylar

Ýakynda Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde «Arkadag paýhasyndan ady dünýä dolan türkmen halysy» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşigi tarapyndan ýurdumyzyň halyçy zenanlarynyň arasynda yglan edilen baýramçylyk bäsleşiginiň bu tapgyryna onuň ýerli tapgyrlarynyň ýeňijileri gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşyjy halyçy zenanlar muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Muzeýiň sergi zallaryny bezeýän, buýsançly taryhymyzdan söhbet açýan gymmatly tapyndylar olarda ýakymly täsirleri döretdi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşige gatnaşyjy zenanlara degişli şertler boýunça ukyp-başarnygyny görkezmäge giň mümkinçilikler döredildi. Olaryň bäsleşigiň «Türkmeniň kalby — türkmen halysy», «Gadymy we müdimi sungat», «Kesbi-kärim nesillere görelde» diýlip, atlandyrylan şertler boýunça ýerine ýetiren çykyşlary uly gyzyklanma eýe boldy. Çeper elli halyçylaryň hormatly Prezidentimiziň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp eserlerinden ugur alyp, türkmen halylarynyň we haly önümleriniň taryhy, olaryň Ahal welaýatyna mahsus nusgalarynyň aýratynlygy barada gürrüň bermegi, haly nagyşlarynyň taryhy bilen baglanyşykly rowa

Işjeňlikde geçdi

Golaýda etrapdaky 9-njy orta mekdebiň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap prokuraturasynyň hem-de etrabyň polisiýa bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata etrabyň bilim işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda berkarar Watanymyzyň bedew batly ösüşleri, syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ugurlarynda gazanýan üstünlikleri, ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeler dogrusynda söhbet açylyp, täze taryhy döwrümiziň gadyr-gymmaty hakynda buýsançly gürrüň edildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna, ak mermerli paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna barýan günlerimizde eziz Diýarymyzda bolup geçýän taryhy özgertmeler hakyndaky aýdylanlar bolsa has-da täsirli boldy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisi ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda möhüm taryhy waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň şol taryhy mejlisde Halk Maslahatynyň agzalarynyň halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilen täze konsepsiýalary, döwlet maksatnamalaryny hem-de meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga hem-de durmuşa geçirmäge, şeýle hem ilat arasynda içeri we daşary syýasaty, milli kanunçylygy wagyz etmäge işjeň gatnaşmalydygy barada aýdanlary g

Soňky sütün

Köýtendagyň tekiz dag gerşinde dinozawrlaryň aýak yzlarynyň ençemesi bar. Hünärmenler tarapyndan 150 million ýyl bilen senelenýän ol yzlar islendik adamda uly gyzyklanma döredýär. * * *

Gaýratly, dogumly hem wepaly

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň milli gymmatlyklary hakynda söhbet açýan her bir eseri taryhy maglumatlara, ylmy çeşmelere baýlygy bilen ünsüňi özüne çekýär. Eziz Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda milli gymmatlygymyz bolan alabaýlaryň häsiýetli aýratynlyklary barada gürrüň edilýär. Ajaýyp eserdäki: «Türkmen alabaýlary wepalylygyň, edermenligiň, sagdynlygyň ýaranydyr», «Alabaý iti türkmeniň aslyna, özenine kybapdaşdyr» diýen çuň paýhasa ýugrulan sözler türkmen durmuşynda alabaý itleriniň nähili ornunyň bolandygyny görkezýär. Taryhyň dowamynda türkmen alabaýlary wepalylygyň, ýanbermez edermenligiň nusgasyny görkezip gelipdirler. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe alabaý itlerimize sarpa goýulýar, itçilik pudagyny ösdürmek, alabaýlaryň tohum arassalygyny saklamak, dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermek, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça uly işler geçirilýär. Şeýle-de gadymy seýislik sungaty ösdürilip, alabaý itlerini idetmegiň we ýetişdirmegiň nusgalyk usullary ýaş nesillere öwredilýär.

Nyşanly

Iş sapary bilen ýurdumyzyň ak mermere beslenen gözel paýtagty Aşgabada bardyk. Biri-birinden owadan ymaratlar, giň hem arassa köçeler, suw çüwdürimleri, gelşikli hem bezemen ýagtylandyryş enjamlary, köçeleriň gyralaryndaky ýaşyl öwsüp oturan baglar we atyr ysly güller kalbymyzy gözel paýtagtymyza bolan buýsançdan doldurdy. Iş saparynyň çäklerinde welaýatlardan gelen medeniýet we sungat işgärlerine şäheriň gözelliklerini synlamak üçin ýörite gezelenç guraldy. Awtobusa münen myhmanlary ýolbelet ýaş ýigit gözel Aşgabadymyzyň kaşaň binalary, sport toplumlary, döwrebap söwda merkezleri we teatrlarydyr seýilgähleri... bilen içgin tanyşdyrdy. Ynha-da, eziz Arkadagymyzyň ak patasy bilen geçen ýylyň noýabrynda açylyp, ulanylmaga berlen durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumyna aralaşanymyzda, «Türkmen alabaýy» atly heýkelde nazarymyz eglendi. Dogrudan hem, şol pursatlarda türkmen halkynyň dünýä belli milli gymmatlyklary döredip bilen halkdygy barada buýsançly pikirler seriňe dolýar. Ata-babalarymyz goç ýigitleriň syrdaşy saýylýan bedewlerini, wepaly alabaý itlerini, nepis halyçylyk sungatyny, gazma dutaryny we beýleki ençeme gymmatlyklaryny, gör, näçe zähmet siňdirip, päk yhlasy bilen asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, biziň häzirki döwrümize kämil derejede ýetiripdir. Wepaly alabaýyň nepislik bilen ýasalan heýkelini synlanymda, çaga döwrüm pederlerimizden eşiden rowaýatlarymyza meň

Maşgalada atanyň orny

«Döwür we maşgala terbiýesi» atly makalalar toplumyndan Halkymyzyň şan-şöhratynyň dünýä ýaýylýan döwründe maşgalada çaga dogry terbiýe bermek, ony ynsanyň nury didesine laýyk gelýän edep-ekram şirinliginden gandyrmak sogapdyr. Çünki ertirki günüň üstünlikleri we ýeňişleri, at-abraýydyr ynsançylyk mertebesi olaryň elindedir. Perzent terbiýesinde, olaryň ulalyp, kemally adamlar bolup ýetişmeginde ata-enäniň täsiri uludyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle diýýär: «Ulalmak islegi diňe bir uly adamlara mahsus işleri berjaý etmek däl, eýsem, adamlaryň ykbalyna biparh garamazlyk, ýagşylyk edip göwnüň açylmagy ýaly isleg-arzuwlar bilen kämilleşýär. Şonda hem perzent üçin ata-enäniň orny edil ýaş daragta arassa akardan dup-dury suwuň barmagynyň zerurlygy ýalydyr. Çünki ol suw näçe arassa hem-de kadaly mukdarda bolsa, daragt gününi sanap ösýär hem gözüňi dokundyrýar. Şular barada oýlananymda, her bir ata-ene öz perzendiniň ykbalynyň Kuýaşy bolup durýar».