Nyşanly

26 Aprel 2021
871

Iş sapary bilen ýurdumyzyň ak mermere beslenen gözel paýtagty Aşgabada bardyk. Biri-birinden owadan ymaratlar, giň hem arassa köçeler, suw çüwdürimleri, gelşikli hem bezemen ýagtylandyryş enjamlary, köçeleriň gyralaryndaky ýaşyl öwsüp oturan baglar we atyr ysly güller kalbymyzy gözel paýtagtymyza bolan buýsançdan doldurdy. Iş saparynyň çäklerinde welaýatlardan gelen medeniýet we sungat işgärlerine şäheriň gözelliklerini synlamak üçin ýörite gezelenç guraldy. Awtobusa münen myhmanlary ýolbelet ýaş ýigit gözel Aşgabadymyzyň kaşaň binalary, sport toplumlary, döwrebap söwda merkezleri we teatrlarydyr seýilgähleri... bilen içgin tanyşdyrdy. Ynha-da, eziz Arkadagymyzyň ak patasy bilen geçen ýylyň noýabrynda açylyp, ulanylmaga berlen durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumyna aralaşanymyzda, «Türkmen alabaýy» atly heýkelde nazarymyz eglendi. Dogrudan hem, şol pursatlarda türkmen halkynyň dünýä belli milli gymmatlyklary döredip bilen halkdygy barada buýsançly pikirler seriňe dolýar. Ata-babalarymyz goç ýigitleriň syrdaşy saýylýan bedewlerini, wepaly alabaý itlerini, nepis halyçylyk sungatyny, gazma dutaryny we beýleki ençeme gymmatlyklaryny, gör, näçe zähmet siňdirip, päk yhlasy bilen asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, biziň häzirki döwrümize kämil derejede ýetiripdir. Wepaly alabaýyň nepislik bilen ýasalan heýkelini synlanymda, çaga döwrüm pederlerimizden eşiden rowaýatlarymyza meňzäp giden bir waka barada berlen gürrüň ýadyma düşdi.

Dag içindäki serhetýaka obalaryň birinde Mämmet atly bir çopan bolupdyr. Ol 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda duşmana garşy gazaply söweşleriň birinde agyr ýaralanyp, bir aýagy agsak halda dogduk obasyna dolanyp gelipdir. Ildeşleriniň arasynda Mämmet agsak ýa-da Mämmet çopan diýlip tanalan ol kişi ömrüniň ahyryna çenli mal üstünde bolup, çopançylyk käri bilen meşgullanypdyr. Mämmet çopan çolugy Geldi hem-de Basar atly wepaly iti bilen dagdyr dereleriň içinde mallaryny bakypdyrlar, olary wagşy haýwanlardan gorapdyrlar.

Maksat IŞANTAÝEW,
Serdar şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.