Belent maksatlary nazarlap

12 Sentýabr 2024
26

Garaşsyz Diýarymyzda halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňeldilmegi, ornaşdyrylýan täzeçillikler, innowasion özgerişler netijesinde milli ykdysadyýetimizde ägirt uly ösüşler gazanyldy. Milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny häsiýetlendirýän görkezijileriň biri hem maýa goýum işjeňligidir. Paýtagtymyzda 10-11-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumy hem-de ugurdaş sergi, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat, «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly sergi hem ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine bagyşlandy.

Dünýäniň abraýly bilermenleriniň, nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň, ylmy merkezleriň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň gatnaşmagynda geçen bu iri forumda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän daşary we içeri syýasatyň netijesinde ýurdumyzda maýa goýumlarynyň ýokary depginli ösüşiniň gazanylandygyna aýratyn üns gönükdirildi. Şeýle gysga döwürde ýüzlerçe önümçilik desgalarydyr durmuş-medeni maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň yzygiderli gurulmagy ýurduň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanýandygyny görkezýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz maýa goýum forumynda sanly ulgam arkaly eden Çykyşynda: «Durnukly ykdysady ösüşi gazanmak biziň baş maksadymyz bolup durýar. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys. Türkmenistanda iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirildi. Şolaryň arasynda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisini, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawody, Balkan welaýatynda polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny hem-de «Garabogazkarbamid» zawodyny görkezmek bolar» diýip belledi.

Leýli GURBANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.