Oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýän Garaşsyz Türkmenistanyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň syýasy zehininden kemal tapyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän «Açyk gapylar» syýasaty döwletleriň, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýuna barylýan günlerde, has takygy 11-nji sentýabrda hem şeýle taryhy wakalaryň birnäçesiniň şaýady bolduk.