Ýurtlar içre, kalplar içre ýol ýasap...

5 Sentýabr 2024
60

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Ýagşylyk, haýyr-yhsan, sahawat, delalat — bular ýüreklerde ýagşy täsirleri oýarýan düşünjelerdir. Halky bezeýän, milleti beýgeldýän häsiýetlerdir. Haýyr-sahawat, ýagşylyk etmek bolsa türkmen halky üçin ýaşaýşyň ýörelgesine, mertebäniň mizan terezisine öwrülendir» diýýär. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen ýörelgeleriniň ajaýyp zamanamyzda mynasyp dowam tapýandygy şu ýylyň 1-nji sentýabrynda ýene-de bir gezek dünýä äşgär boldy. Şol gün Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky 540 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumynyň açylmagy türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň güwäsine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň maý aýynda Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň datly miweleriniň biri bolan täze mekdebe hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna «Bilimli» haryt nyşanly 100 sany noutbuk kompýuteri, şeýle-de «Toyota Coaster» kysymly awtobus sowgat berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen täze mekdebiň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Täjigistanyň Prezidentiniň gatnaşmagy bu şanly wakanyň wajyplygyna berilýän bahany häsiýetlendirdi. Hormatly Prezidentimiziň dabara gatnaşanlary täze mekdebiň açylyp ulanylmaga berilmegi bilen gutlap, bu ynsanperwer ädimleriň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň durandygyny aýratyn bellemegi pederlerden gelýän asylly ýörelgelerimiziň dowamat dowam bolýandygy baradaky buýsançly duýgulary kalplara doldurdy. Şol gün dabara gatnaşyjylaryň ählisi, aýratyn-da, 1-nji synp okuwçylary üçin ýatdan çykmajak baýramçylyga öwrüldi.

Aýgözel MEREDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.