Işjeňlikde geçdi

27 Aprel 2021
711

Golaýda etrapdaky 9-njy orta mekdebiň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap prokuraturasynyň hem-de etrabyň polisiýa bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata etrabyň bilim işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda berkarar Watanymyzyň bedew batly ösüşleri, syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ugurlarynda gazanýan üstünlikleri, ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeler dogrusynda söhbet açylyp, täze taryhy döwrümiziň gadyr-gymmaty hakynda buýsançly gürrüň edildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna, ak mermerli paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna barýan günlerimizde eziz Diýarymyzda bolup geçýän taryhy özgertmeler hakyndaky aýdylanlar bolsa has-da täsirli boldy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisi ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda möhüm taryhy waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň şol taryhy mejlisde Halk Maslahatynyň agzalarynyň halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilen täze konsepsiýalary, döwlet maksatnamalaryny hem-de meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga hem-de durmuşa geçirmäge, şeýle hem ilat arasynda içeri we daşary syýasaty, milli kanunçylygy wagyz etmäge işjeň gatnaşmalydygy barada aýdanlary giň goldaw tapdy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň her bir raýatyň mynasyp durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän aladalarynyň barha rowaç alýandygynyň subutnamasy boldy.

Polat NURYÝEW,
Sarahs etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.